Aşgabat
Täzelikler
15
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Hormatly Prezidentimiziň täze döreden «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasy Magtymguly Pyraga bagyşlanan edebi sazly kompazisiýanyň ýerine ýetirilmeginden başlandy. Beýik söz ussadymyzyň döredijilik mirasynyň parçalaryndan edebi çeper keşipde ýerine ýetirilmegi dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Şeýle-de, edebi çeper çykyşlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwürde Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň weHormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Magtymguly Pyragynyň ynsan kalbyna şugrasyny çaýýan pähim paýhasynyň dünýäde rowaçlanýandygyny açylyp görkezildi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp şygrynyň ussatlyk bilen ýerine ýetirilmeginde has-da aýdyň ýüze çykdy. Soňra Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylmagyna orun berildi. Täze kitap bilen tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler täze kitaby ýüzlerine sylyp, şeýle ajaýyp eseri sowgat edendigi üçin Hormatly Prezidentimize tüs ýürekden hoşallyk bildirip, alkyş sözlerini aýtdylar. Täze kitapda türkmen halkynyň durmuşynda dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda Magtymguly Pyragynyň eýeleýän orny giňişleýin açylyp görkezilýär. Şeýle-de akyldaryň döredijiliginde we durmuş ýolunyň ylmy esasda öwrenilişi, şygyrlaryndaky pähim – paýhaslaryň dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakdaky ähmiýeti, «Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen ajaýyp şygara beslenip geçen 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan güniniň 300 ýyllyk şanly senesi bilen bagly geçirilen halkara çäreler barada söhbet edilýär. Kitap ýokary çaphana usulynda neşir edilip, 3 dilde, türkmen, rus we iňlis dilleriniň hersinde aýratyn kitap görnüşinde giň halk köpçüligine ýetirildi we onuň sahypalarynda Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada dürli suratlar ýerleşdirilen. Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda täze kitabyň mazmuny baradaky çykyşlaryň bu eserden mysal getirilmegi arkaly beýan edilmegi has-da täsirli boldy. Tanyşdyrylyş dabarasynda dowamynda aýdymdyr-sazlar giň orun berildi. Dabara gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024