Aşgabat
Täzelikler
34
Türkmenistanyñ Prezidenti milli neşir önümlerini hem-de türkmen halkynyñ ruhy baýlyklaryny gorap saklamaga, şeýle hem ýurtda kitaphana işini kämilleşdirmäge gönükdirilen Karara gol çekdi. Resminamanyñ çäklerinde "Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy" we ony durmuşa geçirmegiñ Iş meýilnamasy tassyklandy.
Maksatnama kitaphana işini ösdürmegi, kitaplara we okamaga bolan höwesi berkitmegi, şeýle hem edebiýatyñ kömegi bilen ruhy gymmatlyklary wagyz etmegi göz öñünde tutýar. Döwlet maksatnasyny durmuşa geçirmek degişli ministrlikleriñ, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryñ we welaýat, şeýle hem Aşgabat we Arkadag şäherleriniñ häkimlikleriniñ üstüne ýüklenildi.
Maksatnama "Medeniýet hakynda” hem-de "Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda işläp taýýarlandy we ýurduñ medenýet we bilim ulgamlarynyñ ösüşinde möhüm ädim bolar.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024