Aşgabat
Täzelikler
123
Hindistan respublikasynyň Tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk (ITEС) guramasy tarapyndan 2025-nji ýylyň 20-24-nji ýanwary aralygynda guralan “Mikrotorlar we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” atly hünär kämilleşdiriş okuwy geçirildi. Bu okuwa seçip-alyş tapgyry geçirilip, 12 döwletden, 17 sany ylmy işgärler we inženerler, şol sanda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Nano we biolukmançylyk elektronikasy kafedrasynyň mugallymy Mekan Toýjanow gatnaşdylar.
Okuw saparynyň maksady, Hindistanyň iň öňdebaryjy kollejleriniň biri bolan NTPC (National Thermal Power Corporation) biznes mekdebiniň Energetikany Dolandyrmak Institutynda (Power Management Institute) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri bolan Gün, ýel, wodorod energiýasy arkaly mikrotorlary döredip, olaryň öndürilişini, paýlanyşyny, saklanyşyny nazary taýdan we tejribe üstünde öwrenmekden ybaratdyr. Bu okuw saparynyň dowamynda, Dünýäde karbon zyňyndylaryny azaltmagyň we energiýa ýetmezçiligini gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri arkaly ýetirmegiň zerurlygy, olaryň ykdysadyýeti we inženerçilik taraplary barada Hindistanyň professorlary, telekeçileri we inženerleri tarapyndan okuw sapaklary guraldy. Şeýle hem, okuw saparynyň çäklerinde NETRO (NTPC Energy Technology Research Alliance) barlag merkeziniň 1 MWt kuwwatly Gün we wodorod stansiýasynyň gurluşy, Bharat Mobility Global Expo sergisinde elektrik maşynlarynyň önümçiligi bilen tanyşdyrmak üçin göçme okuw sapaklary gurnaldy. 5 gün dowam eden bu okuwyň soňunda ýapylyş dabarasy geçirilip, gatnaşyjylara ylmy-barlag merkeziniň adyndan sertifikatlar gowşuryldy.
Ýeri gelende aýtsak, Toýjanow Mekan Gün energiýasyny ulanyp suwdan wodorod almakda Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň professorlary bilen ylmy-işleri alyp barýar we ýaňy ýakynda bu uniwersitetde “Inženerçilik bilimde okatmagyň usullaryny kämilleşdirmek” atly okuw saparynda boldy.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024