Aşgabat
Täzelikler
153
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda beýleki derwaýys işler bilen bir hatarda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge bagyşlanan möhüm işler hem durmuşa geçirilýär.
Ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň XII synpy üçin neşir edilen “Fransuz dili (I daşary ýurt dili)” okuw kitaby (awtorlary: T. Atdaýewa, M. Amanowa, G. Amanowa – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy) döwrebaplygy bilen tapawutlanýar. Bu okuw kitaby okuw maksatnamasyna laýyklykda taýýarlanylyp, “Meniň maşgalam”, “Meniň gündelik durmuşym”, “Men we jemgyýet”, “Meniň Watanym”, “Men we tebigat”, “Men we medeniýet”, “Syýahat” ýaly bölümleri öz içine alýar.
Okuw kitabynda okuwçylaryň öwrenýän diliniň ýurdy, däp-dessurlary, medeniýeti, bilim ulgamy, iki ýurduň ykdysady ösüşi, şeýle-de ekologiýasy we medeni mirasy barada gyzykly okuw maglumatlary berilýär. Özleşdirilýän temalaryň mazmuny bilen bagly reňkli suratlaryň hem ýerleşdirilmegi kitabyň bezeg işiniň gymmatyny artdyrýar.
Bu okuw kitaby okuwçylarda fransuz dilinde okamak, ýazmak, düşünmek we şahsy pikiriňi beýan etmek endiklerini usuly taýdan has-da ösdürmäge, halkara gatnaşyklary ulgamynda medeniýetleriň we däp-dessurlaryň özara baglanyşygyny öwrenmäge ýardam eder.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň okuw
kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi
Şeýle hem okaň:
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024