Aşgabat
Täzelikler
168
Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa boýunça geljekki hünärmenleri taýýarlamagyň okuw-usuly binýadyny berkitmekde okuw kitaplaryny we gollanmalary taýýarlamaklyga uly üns berilýär. Munuň mysaly hökmünde golaýda çapdan çykan ýokary okuw mekdepleri üçin niýetlenen «Aziýa we Afrika ýurtlarynyň daşary syýasaty» atly okuw kitabyny görkezip bolar.
«Aziýa we Afrika ýurtlarynyň daşary syýasaty» okuw kitabynda agzalan yklymlaryň döwletleriniň daşary syýasatynyň esasy ugurlary, olaryň dürli taryhy döwürlerdäki strategiki ugurlary, halkara meselelerine çemeleşmek we çözmek babatyndaky tejribeleri beýan edilýar.
Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň degişli yklymlaryň we sebitleriň döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklaryna we hyzmatdaşlygyna hem gysgaça syn berilýär. Aýratyn üns berilmeli meseleleriň biri hem birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we özara bähbitli meseleler boýunça ýakyn gatnaşyklaryň yzygiderli berkidilýänligi we parahatçylyk, howpsuzlyk hem-de durnukly ösüşe gönükdirilen bilelikdäki tagallalaryň özeni okuw kitabynda açylyp görkezilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň wajyp halkara başlangyçlarynyň, ilkinji nobatda, energiýa howpsuzlygy, ulag-aragatnaşyk, öňüni alyş diplomatiýasy, ýaragsyzlanmak hem-de derwaýys sebit meseleleri babatyndaky netijeli hyzmatdaşlygynyň netijeli ugurlary aýdyň we düşnükli görnüşde görkezilýär.
Bu okuw kitaby tassyklanylan okuw maksatnamasyna hem-de degişli ders boýunça bilim standartlaryna laýyklykda taýýarlanypdyr. Onda agzalan yklymlaryň döwletleriniň daşary syýasatynyň konseptual esaslary, köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn gatnaşyklary, diplomatik gullugynyň aýratynlyklary baradaky maglumatlar bilen üpjün edilendir. Okuw kitaby ýokary okuw mekdepleriniň taryh, halkara gatnaşyklary we diplomatiýa, halkara gatnaşyklary we dünýä syýasaty, halkara hukugy, halkara ykdysady gatnaşyklary, dünýä ykdysadyýeti, žurnalistika we halkara žurnalistikasy, syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy, syýasaty öwreniş, Gündogary öwreniş hünärlerinde okaýan talyplar üçin niýetlenip, ondan aspirantlar we dalaşgärler, magistrantlar, degişli hünärmenler hemde halkara gatnaşyklary we daşary syýasat bilen gyzyklanýan giň okyjylar köpçüligi peýdalanyp bilerler.
Kitabyň usulyýet tarapyna aýratyn üns berlipdir. Talyplaryň ýadynda galmagy zerur hasaplanýan maglumatlar aýratyn tapawutlandyrylyp görkezilipdir. Talyplaryň özbaşdak pikir ýöretmegi we gelen netijesini mugallymyň ýolbaşçylygynda ýoldaşlary bilen ara alyp maslahatlaşmagy üçin her temada ýörite ýumuşlar goýlupdyr. Halkara şertnamalarynyň, ylalaşyklarynyň, konwensiýalarynyň mazmuny we şertleri bilen tanyşmaga mümkinçilik döredilipdir. Kitapda talyplaryň resminamalar we goşmaça maglumatlar bilen özbaşdak işlemegi hemde olary özleşdirmegi hökmany talaplar bildirilipdir. Aýratyn hem bu okuw kitabynyň içinde ýerleşdirilen dürli suratlar, tablisalar we şekiller okuw dersini özleşdirmäge we ondaky meselelere aýdyň düşünmäge ýardam berýär.
«Aziýa we Afrika ýurtlarynyň daşary syýasaty» okuw kitabynyň çapdan çykmagy ýurdumyzda milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň okuw-usuly taýdan berkitmek, mynasyp bilim bermek üçin derwaýys meglumatlary dolanyşyga girizmek çäklerinde wajyp ähmiýete eýe bolup durýar.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024