Aşgabat
Täzelikler
70
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly mynasybetli ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Building Bridges with Spelling Bee» atly iňlis dilinde sözleri harplap aýtmak bäsleşigini yglan edýär.
Bäsleşik parahatçylyk, ynanyşmak, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri bilen bagly sözleri hem-de BMG-niň çäginde ulanylýan adalgalary iňlis dilinde harplap aýtmak görnüşinde geçirilýär (mysal üçin: peace, unity, trust).
«Building Bridges with Spelling Bee» atly iňlis dilinde sözleri harplap aýtmak bäsleşigi 2025-nji ýylyň fewral aýynyň 20-ne geçirilýär.
Bäsleşige gatnaşmak isleýän talyplaryň (her ýokary okuw mekdebinden 3 talyp) hasaba alynyşygy 2025-nji ýylyň fewral aýynyň 10-yna çenli dowam edýär.
Habarlaşmak üçin: diller.tdbgi@gmail.com 865151899; 863022828
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024