Aşgabat
Täzelikler
84
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimiz ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe barýar. Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns bermegi netijesinde daşary ýurtlaryň abraýly ugurdaş ýokary okuw mekdepleri, kompaniýalary, ylmy-barlag merkezleri bilen ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hem-de tejribe alyşmak boýunça giň mümkinçilikler döredilýär. Eziz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi babatdaky taýsyz tagallalary we döredip berýän şertleri röwşen geljegimizi kepillendirýär.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda halkara hyzmatdaşlygy netijeli ösdürilýär.
Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Erasmus+ maksatnamasynyň çäginde Ýewropa ýurtlary bilen dünýäniň beýleki ýurtlarynyň arasyndadostlukly halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklary pugtalandyrylýar.
2021-2027-nji ýyllar üçin niýetlenen ERASMUS+ maksatnamasy bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, ykdysadyýetiň dürli ulgamlary üçin hünärmenleri taýýarlamaga ýardam berýär. Maksatnama ýaşlaryň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy, ýaşyl we sanly tehnologiýalara geçiş hem-de sosial integrasiýa ýaly ugurlara aýratyn üns berýär.
Maksatnamanyň utgaşdyrylmagy Ýewropanyň bilim, medeniýet we audiowizual serişdeler boýunça ýerine ýetiriji agentligi (EACEA) tarapyndan amala aşyrylýar.
2024-nji ýylda Merkezi Aziýa döwletleri bilen sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirmek maksady bilen “Daşky gurşaw meselelerini, durmuş zerurlyklaryny we ýokary dolandyrylyşy Merkezi Aziýanyň bilim we iş üpjünçiligi ulgamlarynda göz öňünde tutmak” (ESGCA) atly taslamanyň Ýewropa Bileleşigiň Erasmus+ maksatnamasynyň çäklerinde maliýeleşdirmek barada we Genuýa uniwersitetiniň bu taslamanyň utgaşdyryjysy hökmünde kabul edilendigi barada oňyn çözgüt kabul edildi. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri, ýagny Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti we Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bu taslama hyzmatdaş bolup gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Taslamanyň işine Rumyniýa, Slowakiýa döwletleriniň, Italiýa, Gyrgyz, Gazagystan, Täjigistan we Özbegistan Respublikalarynyň öňdebaryjy uniwersitetleri gatnaşýarlar.
Taslamanyň esasy maksady daşky gurşawy we durmuş üpjünçiligini netijeli dolandyrmak, bu ugurlarda hünärmenleri taýýarlamak, okuw maksatnamalary işläp düzmek we kämilleşdirmek, ylmy gözlegleri we innowasiýany ösdürmek, hünärmenlere bolan islegleri seljermek boýunça hyzmatdaşlygy amala aşyrmak. Taslamanyň möhleti 2024-nji ýylyň 1-nji dekabryndan – 2027-nji ýylyň 30-njy noýabry aralygy.
ESGCA taslamadaky hyzmatdaş guramalary tanyşdyrmak, taslamanyň gurluşyny we ony amala aşyrmagyň tapgyrlaryny ara alyp maslahatlaşmak hem-de magistrlik maksatnamalaryny we innowasiýa çözgütlerini ornaşdyrmak strategiýasyny işläp düzmek maksady bilen Italiýa Respublikasynyň Genuýa şäherinde 2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň 20-24-i aralygynda taslama boýunça ýokary okuw mekdepleriň wekilleriniň gatnaşmagynda ilkinji duşuşyk geçirildi.
Bu duşuşyga gatnaşmak üçin Genuýa uniwersitetiniň çagyrmagy boýunça hem-de Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgüdi esasynda Türkmenistandan Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň wekilleri iş saparynda boldular.
2025-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Genuýa uniwersitetiniň Rektorlyk binasynda uniwersitetiň ylmy işler boýunça prorektory taslama gatnaşýan daşary ýurtly wekilleriň öňünde çykyş edip olara üstünlik we işleriniň netijeli bolmagyny arzuw etdi, şeýle hem ESGCA taslamasynyň koordinatory, Genuýa uniwersitetiniň hyzmatdaşlyk boýunça halkara bölüminiň başlygy Anželo Musaýi çykyş etdi. Ol öz çykyşynda ESGCA taslamasynyň agzalary bolan Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary okuw mekdeplerinden gelen wekilleriň ählisine minnetdarlyk bildirdi hem-de duşuşygyň gün tertibi bilen tanyşdyrdy.
Duşuşykda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň wekili Gadam Akmyradow öz ýokary okuw mekdebi we taslama boýunça ýerine ýetirilýän işler barada tanyşdyryşy bilen iňlis dilinde çykyş etdi.
Şeýle hem Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekili Maksat Çüriýew öz ýokary okuw mekdebi we taslama boýunça ýerine ýetirilýän işler barada tanyşdyryşy bilen iňlis dilinde çykyş etdi.
Duşuşygyň çäginde https://esgca-erasmus.com/ salgy boýunça ýerleşen ESGCA taslamasynyň web-saýtynyň deslapky görnüşi taýýar edildi we oňa geçirilen duşuşyk baradaky maglumatlar we fotosuratlar hem-de taslama gatnaşan ýokary okuw mekdepleri baradaky maglumatlar ýerleşdirildi.
Taslamanyň koordinatorlary duşuşyga gatnaşan wekiller üçin ESG magistrlik maksatnamasyny işläp düzmek we ornaşdyrmak üçin ýakyn wagtda ýerine ýetirmeli işleriň meýilnamasyny beýan etdiler, şeýle hem bu magistrlik maksatnamasyny işläp düzjek hünärmenler üçin Rumyniýada we Slowakiýada ýörite öwrediji we trening okuwlarynyň geçiriljekdigi mälim edildi.
Duşuşygyň netijeleri boýunça beýan we kabul edilen çözgütler barada tegelek stollary gurnamak bilen, giňişleýin söhbetdeşlik gepleşikleri geçirmeklik tabşyryldy.
Bize daşary ýurtlaryň abraýly ugurdaş ýokary okuw mekdepleri, kompaniýalary, ylmy-barlag merkezleri bilen ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hem-de tejribe alyşmak boýunça döredýän mümkinçilikleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Goý, Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, Belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024