Aşgabat
Täzelikler
101
Beýik Britaniýanyň geňeşiniň AELLCA maksatnamasynyň çäginde Merkezi Aziýadan gelen mugallymlar topary bilen bilelikde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Iňlis dili mugallymy Çemen Wekilowa öz hünärlerini ýokarlandyrmak, tejribe alyşmak maksady bilen Angliýanyň Norwiç şäherinde okuw saparyna gitdiler. Bu sapar, iňlis dilini we medeniýetini çuňňur öwrenmek, nazary bilimleri we amaly endikleri birleşdirip, bilim pudagynda halkara gatnaşyklaryny güýçlendirmek babatda möhüm waka boldy. Maksatnamanyň çäginde AELLCA maksatnamasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýän meşhur dil mekdebi bolaт Nile mekdebine (Norfolk halkara dil tejribesi) sapar gurnaldy. Mekdepde Merkezi Aziýanyň mugallymlary Angliýada bilimiň gurluşy bilen tanyşmaga gönükdirilen birnäçe işjeñ seminarlar we ussatlyk sapaklaryna gatnaşdylar.
Şeýle-de topar Norwiçdäki birnäçe mekdeplerde we bilim edaralarynda boldular. Merkezi Aziýanyň mugallymlary, beýleki mekdep dersleri ýaly iňlis dili sapaklaryny synlamaga ajaýyp mümkinçilik aldylar. Mekdeplere baryp görmek, iňlisleriň pedagogiki usullaryny, okuw prosesini guramaga bolan çemeleşmeleri we okuwçylar bilen işleşmegiň usullaryny öwrenmekde bu sapar gymmatly tejribe boldy. Iňlis kärdeşleri bilen geçirilen ýygnaklarda tehnologiýanyň bilim prosesine girizilmegi, okatmagyň usullarynyň dürlüligi we goşulyşmagy ýaly bilim tejribesiniň dürli taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024