Aşgabat
Täzelikler
9
27-nji ýanwarda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynda ýerli KHBS-niň wekilleri üçin «Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyna» bagyşlanan brifing geçirildi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň teklibi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamany biragyzdan kabul etdi. Munuň özi Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işleriniň ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi.
Brifinge gatnaşyjylar «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yglan edilen «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly halkara gatnaşyklarynyň filosofiýasynyň amaly beýanyna öwrülendigini bellediler.
Brifingiň dowamynda gatnaşyjylar howpsuzlyk meseleleri, halkara gatnaşyklaryny ynsanperwerleşdirmek, şeýle hem bosgunlaryň we raýatlygy ýok adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek, eneligi we çagalygy goldamak, ylymda, döredijilikde we sportda ýaşlaryň öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegi hem-de hemmetaraplaýyn ösmegi üçin şertler döretmek babatynda köptaraplaýyn düzümleriň çäginde Türkmenistanyň alyp barýan işleriniň ugurlaryny görkezýän Konsepsiýa barada maglumat bilen tanyşdylar.
Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024