Aşgabat
Täzelikler
50
Fewral aýynyň 7-14-i aralygynda Harbinde IX Gyşky Aziýa oýunlary geçirilip, oňa Türkmenistanyň türgenleri hem gatnaşar. Olar ilkinji gezek figuraly typmak sporty boýunça ýaryşlarda çykyş ederler.
Aziýa oýunlaryna umumylykda dünýäniň 34 ýurdyndan 1274 türgen gatnaşar. Türgenler dag lyžasy, lyža ýaryşlary, biatlon, snoubord, fristaýl, lyža alpinizmi, typmak sporty, şort-trek, figuraly typmak, kerling we hokkeý ýaly sportuň 11 görnüşi boýunça 64 medallar toplumy üçin ýaryşarlar.
Türkmenistanyň adyndan hokkeý, figuraly typmak we şort-trek ýaryşlaryna 25 türgen gatnaşar.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024