Aşgabat
Täzelikler
13
2025-nji ýylyň 3-nji fewralynda Hytaýyň Harbin şäherinde IX Gyşky Aziýa oýunlarynyň alaw oduny geçirmek dabarasy badalga aldy.
Bu möhüm çärä 120 sany alaw göterijiler gatnaşyp, olar şäheriň owadan manzaraly köçelerinden 11 km uzaklykda alaw oduny götererler. Ody ýakmak dabarasy “Gün adasy” atly milli seýilgähinde geçirilip, ol ýerde gyşky Aziýa oýunlarynyň ýaşaýyş güýjüni alamatlandyrýan“Hyjuw” alaw odunyň temasy tanyşdyryldy. Bu çäre diňe bir sport üstünlikleri açyp görkezmän, eýsem Harbiniň medeni mirasyny we tebigy gözelligini şöhlelendirýär.
Alaw göterijiler toparynyň ýolbaşçysy Li Na olimpiýa ruhunyň we ýüzýyllyk taryhyň nyşanyna öwrüljek howpsuz we giň tomaşaly çäräni guramak olaryň esasy maksady bolup durýandygyny belledi.
IX Gyşky Aziýa oýunlary 2025-nji ýylyň 7-14-nji fewraly aralygynda geçirilip, türgenler 64 medal toplumy ugrunda sportuň 11 görnüşi boýunça ýaryşarlar.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024