Aşgabat
Täzelikler
12
Londonda Britan muzeýinde geçirilýän «Silk Roads» sergisiniň çäklerinde türkmen diasporasy gadymy türkmen tansy «Küştdepdi», şeýle hem milli aýdym-saz sungatyny – dutarda saz çalmak we aýdym aýtmak sungatyny hödürledi. Bu sungatlar ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen gymmatlyklardyr. Asyrlaryň dowamynda gorap saklanan türkmen milli sungaty bu ägirt uly sergä janly mysal boldy. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň belleýşine görä, sergi Hytaýdan başlap, Orta Aziýa, Arabystan we Lewanty geçip, Şwesiýa, Irlandiýa, Ispaniýa we Eritreýa ýaly geografiýa taýdan tapawutly ýerler bilen baglanyşan söwda ýollaryny görkezýär.
Britan muzeýi bu giň gerimli sergä bäş ýyl taýýarlyk gördi. Ol dürli medeniýetleriň hyzmatdaşlygyna esaslanýar we muzeýleriň esasy wezipesi bolan adamzat taryhyny beýan etmegi 21-nji asyryň nukdaýnazaryndan täzeçe düşündirmäge mümkinçilik berýär. Sergi, üç dürli bölümiň: hytaý we orta aziýa; irki orta asyr ýewropa; hem-de wizantiýa bölümleriniň kuratorlary tarapyndan taýýarlanyldy. Ilkinji gezek Britan muzeýiniň ähli bölümleri bilelikde iş alyp bardy we gymmatly eksponatlary hödürledi.
Sergide görkezilýän gymmatlyklaryň bir bölegi Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ýola goýlan täze hyzmatdaşlygyň netijesinde getirildi. Eksponatlaryň birnäçesi ilkinji gezek Beýik Britaniýada görkezilýär. Olaryň arasynda iň täsinleriniň biri hökmünde Özbegistanyň Samarkant şäherindäki Afrasiýabda «Ilçiler zalynda» alynan alty metr beýiklikdäki diwarlyk suraty bar. Suratda sogdian şahslarynyň pilleriň we düýeleriň üstünde ýörişi şekillendirilen. Bilermenleriň pikiriçe, bu eser şa köşgi däl-de, aristokrat maşgalasy üçin döredilipdir. Ol Merkezi Aziýada medeni inçe duýgynyň we halklaryň taryhynyň dolulygynyň bir nyşany bolup durýar. Umuman, sergide dünýäniň 29 kolleksiýasyndan 300-den gowrak eksponat görkezilýär.
«Silk Roads» sergisi uzak geçmişdäki medeni alyş-çalşyň giň gerimini, çylşyrymlylygyny we baýlygyny açyp görkezýär. Şeýle hem, bu ýol ugrunda möhüm duralgalara öwrülen şäherleriň ägirt baýlygyny we täsirini nygtaýar. Biziň eramyzyň 500-nji ýyldan 1000-nji ýyla çenli döwri öz içine alyp, gündogardan günbatara tarap hereket edýän bu sergi, tomaşaçylara taryhy baglanyşyklary çuňňur duýmaga mümkinçilik berýär.
«Ýüpek ýollary bize adamzadyň bütin serhetlerden geçip, baglanyşyk gurmakda uzak taryhyň bardygyny ýatladýar. Möçberler, tizlikler we usullar üýtgäp biler, ýöne baglanyşyk gurmak prosesi adam bolmagyň düýpli bölegi bolup galýar,- diýip, Britan muzeýiniň direktory Nikolas Kallinan belleýär. -Bu biziň DNK-myzda bar bolan tebigy itergidir» - diýip, sözüni jemleýär.
Britan muzeýiniň sergisi, «Ýüpek ýoly» baradaky häzirki zaman köpsanly düşündirişleriň, esasanam gündogar bilen günbataryň arasyndaky söwda taryhynyň ýönekeý görnüşi hökmünde kabul edilýän düşünjä garşy durýan, täzeçe bir sergi hökmünde atlandyrylýar. Bu sergi, Ýüpek ýollarynyň gündogar bilen günbataryň arasynda ýönekeý söwda ýolunyň bolmandygyny, eýsem Aziýa, Afrika we Ýewropadaky halklary biri-birine baglanyşdyrýan gatlaklaýyn we özara baglanyşykly torlaryň bardygyny görkezýär. Adaty muzeý sergilerinden tapawutlanýan «Silk Roads» medeniýetleriň özara täsirini, alyş-çalyşlaryny we olaryň umumy adamzat taryhyny döretmekdäki ornuny beýan edýär.
2024-nji ýylyň sentýabr aýynda açylan sergi, 2025-nji ýylyň 23-nji fewralyna çenli dowam eder.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024