Aşgabat
Täzelikler
20
Resmi sapar bilen Astana baran wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow wise-premýeriň orunbasary, Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministri Murat Nurtleu bilen gepleşleri geçirdi.
Ministrler, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, syýasy, söwda-ykdysady, üstaşyr-ulag, energetika we medeni-ynsanperwer ýaly ugurlaryň geljegi boýunça özara gatnaşyklaryň giň toplumyny ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak ruhunda strategiki hyzmatdaşlygy berkitmäge ygrarlydygyny nygtadylar diýip, Gazagystan Respublikasynyň DIM-i habar berýär.
Daşary syýasat edaralaryň ýolbaşçylary ylalaşyklaryň ýokary derejede durmuşa geçirilişiniň gidişini jikme-jik gözden geçirdiler hem-de parlamentara we hökümetara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ýardam bermäge ylalaşdylar.
Söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berildi. Soňky iki ýylda Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara söwda mukdary yzygiderli 500 million dollardan geçdi. Taraplar söwda dolanyşygyny 1 milliard dollara çenli ýokarlandyrmak boýunça döwlet Baştutanlary tarapyndan kesgitlenen maksada ýetmek üçin çäreleri görmek barada ylalaşdylar.
Energetika we ulag ulgamlaryndaky uly mümkinçilik bellendi. Bu ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine mundan beýläk-de goldaw bermek üçin taýýardygy beýan edildi.
Ministrler sebit we halkara gün tertibiniň häzirki taraplary boýunça pikir alyşdylar hem-de köptaraplaýyn gurluşlar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyga we iki döwletiň başlangyçlaryny öňe sürmekde özara goldaw bermäge gyzyklanmalaryny tassykladylar. Halkara guramalarynda birek-biregiň dalaşgärligini goldamak bilen baglanyşykly dilden nota alyşmalar boldy.
Murat Nurtleu Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başlanmagy bilen türkmen tarapyny gutlady.
DIM-niň ýolbaşçylary sebitleýin hyzmatdaşlygy we Merkezi Aziýada parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek üçin şol sanda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşyklarynyň we Aral deňzini halas etmek boýunça halkara Gaznasynyň maslahat beriş mejlisleriniň çäginde bilelikdäki tagallalary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini nygtadylar.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024