Aşgabat
Täzelikler
22
Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçisi Nazarguly Şagulyýew 3-nji fewralda Polesskiý döwlet uniwersitetiniň rektory Waleriý Dunaý bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasynda geçirilen duşuşykda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we özara gatnaşyklary giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Rektor Waleriý Dunaý Brest sebitiniň Pinsk şäherinde ýerleşýän uniwersitetde talyplara bilim berilişi barada jikme-jik maglumat berdi. Onuň aýtmagyna görä, häzirki wagtda bu ýokary okuw mekdebinde 3215 sany talyp ýokary bilim alýar. Şolaryň 80 sanysy daşary ýurduň, şol sanda 19 sanysy Türkmenistanyň raýaty.
Ilçi Nazarguly Şagulyýew bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde möhüm orna eýedigini aýtdy.
Şeýle-de ilçi talyplaryň sanynyň köpelmeginiň, olaryň bilim we ýaşaýyş şertleriniň gowulaşmagynyň, şeýle hem akademiki tejribe alyşmagyň uzak möhletli esasda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegi üçin möhüm ädim bolup durýan özara ynamy we medeni gepleşikleri berkitmäge goşant goşýandygyny nygtady.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024