Aşgabat
Täzelikler
61
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda ylym-bilim pudagyny ösdürmek ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň gülläp ösmegi we belent sepgitlere ýetmegi üçin Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen uly işler amala aşyrylýar. Döwletimiziň berkararlygynyň, döwrümiziň bagtyýarlygynyň esasynda ylym-bilim ulgamynda geçirilýän netijeli özgertmeler ähli babatda özüniň oňyn netijelerini berýär.
Ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdepleriniň rus dilinde okadylýan ХII synpy üçin «Türkmen dili» okuw kitaby (awtorlary: G.Sahatowa, B.Baýjanow, A.Begmyradowa, G.Orazgylyjowa, O.Baýramgeldiýewa) Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edildi. Okuw kitaby rus dilinde okadylýan okuwçylaryň aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, okatmagyň we terbiýelemegiň esasy didaktiki ýörelgelerinden ugur alnyp taýýarlanylypdyr.
Türkmen dili döwlet dili bolanlygy sebäpli Türkmenistanda ýaşaýan ähli raýatlaryň bilmeli dili bolup, ol ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşynyň ähli ugurlarynda giňişleýin ulanylýar. Okuw kitabynda türkmen dilini gowy öwrenmek üçin degişli temalar gaýtalamakdan başlanýar. Gaýtalamak üçin temalaryň çäklerinde türkmen diliniň stillerine aýratyn orun berlipdir. Onda gepleşik (sözleýiş) stili, publisistik eserleriň dili, çeper stil, resmi-iş stili, ylmy stil yzygiderli beýan edilýär.
Okuw kitabynda edebi dil we edebi normalar aýratyn bölüm hökmünde görkezilýär. Munuň çäklerinde orfoepik normalar, orfografik normalar, çekimli sesler, çekimlileriň uzyn we gysga aýdylyşy, inçe we ýogyn çekimliler, çekimli sesleriň inçelik-ýogynlyk sazlaşygy, dodak çekimliler, dodak çekimlileriň ýazuw düzgüni, dar dodak çekimliler, çekimsiz sesler, olaryň aýdylyşynyň orfoepik normalary, zarply we süýkeş çekimsizler, çekimsiz sesleriň aýdylyşyna sözdäki çekimli sesleriň täsiri, çekimsiz sesleriň meňzeşleşmegi we olaryň aýdylyş normalary, dymyk we açyk çekimsizler, olaryň açyk çekimsizlere öwrülýän we öwrülmeýän ýerleri barada dürli mysallaryň, gönükmeleriň üsti bilen maglumatlar getirilýär.
Bulardan başga-da, leksik norma, sözleriň dogry ulanylyşy barada aýratyn beýan edilýär. Munuň çäklerinde sözüň bir we köp manylylygy, sözde göçme manynyň ýüze çykyş ýollary, türkmen diliniň düşündirişli sözlügi, durnukly söz düzümleri, frazeologizmler, olaryň esasy häsiýetleri we ulanylyşy barada jikme-jik durlup geçilýär.
Okuw kitabynda grammatik norma, ýagny sözleriň grammatik normalaryna hem aýratyn orun berlipdir. Onda ýönekeý sözlemler, goşma sözlemler, olaryň görnüşleri, goşma sözlemlerde dyngy belgileriniň goýluş düzgünleri, düzmeli goşma sözlemler, eýerjeňli goşma sözlemler baradaky maglumatlar degişli gönükmeler arkaly yzygiderli beýan edilýär.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň okuw
kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024