Aşgabat
Täzelikler
73
Türkmenistanda umumybilim berýän mekdepleriň okuwçylarynyň başlangyç, esasy orta we doly orta bilim, şeýle hem mekdepden daşary we goşmaça bilim maksatnamalaryny, şonuň ýaly-da hünär-tehniki bilim maksatnamasyny özleşdirmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle bilim maksatnamalaryny özleşdirmegiň çäklerinde himiýa dersi hem esasy orny eýeleýär.
Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň «Halal ryzk ber, kesp bildir, Kimýa atlyg ot istärin» diýip belleýşi ýaly, himiýa ylmynyň ýaşaýyşdaky zerurlygy uly bolup, oňa daş-töweregimize içgin syn etmek bilen hem göz ýetirmek bolýar. Himiýa – halal ryskyň gözbaşy, ol sagdyn ykdysadyýetiň esasy sütünidir. Ýaşaýyş-durmuş üçin ähmiýetli ol ýa-da beýleki önümçiligi arassa, zyýansyz hem-de öndürijilikli ýola goýmak üçin himiýa ylmynyň gazananlaryny, onuň kanunlaryny we kanunalaýyklyklaryny ýerlikli ulanmak talap edilýär.
Umumybilim berýan orta mekdepleriň XI synpy üçin ýaňy-ýakynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen «Himiýa» okuw kitaby (awtorlary: M.Amangulyýew, R.Nurberdiýew, A.Şemekow) üç bölümden ybarat. Onuň birinji bölüminde atomyň gurluşy barada ozal berlen düşünjeler has-da çuňlaşdyrylýar. Atom ýadrosynyň düzümi we gurluşy, izotoplar, radioaktiwlilik, atomda elektronlaryň hereketi, elektron bulutlar, kwant sanlary barada maglumatlar berilýär. Atomyň gurluşy baradaky taglymatyň nukdaýnazaryndan periodik kanunyň we himiki elementleriň periodik sistemasynyň düşündirilişi beýan edilýär.
Okuw kitabynyň ikinji bölümi maddalaryň gurluşyny öwrenmek üçin zerur maglumatlary öz içine alýar. Himiki baglanyşyk we onuň görnüşleri, kowalent baglanyşygynyň emele geliş usullary, kristal gözenek barada ýeterlik düşünjeler berilýär. Şeýle hem häzirki döwürde barha uly ähmiýete eýe bolýan kompleks birleşmeler barada gysgaça maglumatlar getirilýär. Kompleks birleşmeleriň emele gelşi, merkezi atom, içki we daşky sferalar düşündirilýär.
Okuw kitabynyň üçünji bölüminde dispers sistemalary, olaryň görnüşleri, kolloid erginleri, ereýjilik, elektrolitleriň erginleri, suwuň elektrolitik dissosiasiýasy, wodorod ionlarynyň konsentrasiýasy, wodorod görkezijisi (pH), indikatorlar baradaky düşünjeleri özleşdirmek üçin zerur maglumatlar ýerleşdirilipdir. Erginlerde geçýän reaksiýalary, ýagny duzlaryň gidrolizini, ion çalyşma reaksiýalaryny özleşdirmek üçin zerur maglumatlar yzygiderli beýan edilýär.
Aýry-aýry bölümler boýunça nazary maglumatlaryň özleşdirilişiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin degişli tejribe we amaly işler hem ýerleşdirilipdir. Tejribeleriň ýerine ýetirilişiniň yzygiderliligi, işleri ýerine ýetirmek üçin abzallar, olaryň ulanylyşy sada we düşnükli beýan edilýär. Okuw kitabynda nazary bilimleri berkitmek we çuňlaşdyrmak maksady bilen degişli meselelere we olaryň çözülişine hem ýeterlik orun berlipdir.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň okuw
kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024