Aşgabat
Täzelikler
136
2025-nji ýylyň fewral aýynyň 5-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda professor-mugallymlaryň gatnaşmaklarynda maslahat geçirildi. Maslahat Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalyna gatnaşyp, baş baýaragy eýelemegi mynasybetli boldy. Çalasyn we edermen ýigitler däp bolan türkmen at üstündäki oýunlar sungatyny abraýly sirk festiwalynda görkezdiler. Olaryň çykyşlary iň ýokary baýrakdan başga-da ýaş eminleriň, italiýan we hindi sirkleriniň, şeýle hem tomaşaçylaryň kalbyny heýjana getirdi. Bu üstünlikler üçin Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gutlaglary hem-de sylaglary barada birnäçe çykyşlar diňlenildi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar, ýurdumyzda döredilýän ähli mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024