Aşgabat
Täzelikler
38
Kompaniýa ony EA-kömekçisine meňzetmekçi. Google-yň baş direktory Sundar Piçai emeli aňyň adamlaryň haýyşnama islegleriniň görnüşlerini giňeldýändigini göz öňünde tutup, 2025-nji ýylyň gözleg innowasiýalary üçin iň möhüm ýyllaryň biri boljakdygyny aýtdy.
Kompaniýanyň bu “syýahaty” EA-maglumatlaryň girizilmegi bilen başlap, olar ulanyjylara maglumat hödürlemek usullaryny üýtgetdiler. Gejekde gözleg ulgamy diňe bir web-sahypalara saalgylanmalary bermän, eýsem maglumatlary seljerer we ulanyjylaryň haýyşnamalaryna umumylaşdyrylan jogaplary hödürlär. Haýyşnamalary işläp has takyk we peýdaly jogaplary berip biljek has intellektual interfeýsi döretmek üçin, Google DeepMind kompaniýasy tarapyndan işläp taýýarlanylan tehnologiýalary ulanar.
Kompaniýanyň ýolbaşçysy onuň gözleg mümkinçilikleri hem-de olaryň Project Mariner beýleki EA-agentiniň kömegi bilen giňeldilmegi barada anyk garaýşynyň bardygyny belledi. Ol ulanyjynyň adyndan interfeýsiň web-sahypasy bilen işleşip biler. Munuň özi adamlar üçin saýtlar bilen işleşmek zerurlygyny aradan aýyrar.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024