Aşgabat
Täzelikler
42
Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçihanasy 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Kuala-Lumpur şäherinde futbol boýunça dostlukly ýaryşyny geçirdi.
Çärä Malaýziýanyň Parlamentiniň agzalary, Malaýziýadaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaçylary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
Sport çäresine gatnaşyjylara ýüzlenip, Malaýziýadaky Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Maşalow “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” çäklerinde Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary we geçiriljek çäreler barada gürrüň berdi. Hususan-da, Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesiniň alynmagyň 30 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabat şäherinde halkara forum geçiriler.
Malaýziýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň agzalary Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen Türkmenistanyň alyp barýan işleriniň ykrar edilmeginiň aýdyň mysaly bolup durýandygyny bellediler.
Malaýziýanyň Parlamentiniň agzalarynyň we Malaýziýadaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň arasyndaky dostlukly futbol ýaryşy diplomatik korpusyň peýdasyna 5:3 hasabynda tamamlandy.
Dostlukly duşuşygyň ahyrynda gatnaşyjylara Malaýziýadaky Türkmenistanyň ilçihanasyndan ýylyň şygary bilen ýörite sport egin-eşikleri sowgat berildi. Şeýle hem myhmanlara türkmen aşhanasynyň tagamlary hödürlenildi.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024