Aşgabat
Täzelikler
58
Eýran ilkinji bolup, musulman ýurtlarynyň arasynda bilimleri we ylmy maglumatlary toplumlaýyn alyşmak üçin platformany işe girizdi. Bu barada Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň saýasynda döredilen Yslam dünýäsiniň wirtual uniwersitetler torunyň baş sekretary Karim Najabi Barzegar aýtdy. Bu barada «Mehr» habarlar gullugyna salgylanýan «TV BRICS» habar berdi.
Barzegar Eýranyň eýýäm YHG-da nanotehnologiýalar, ylmy we tehnologik parklar we wirtual bilim ulgamynda üç sany tory işe girizendigini habar berdi. Olaryň soňkusy özüne yslam dünýäsiniň ähli bilim edaralaryny, ylmy-barlag merkezlerini we talyp bileleşiklerini birleşdirýär. Bu, öz nobatynda, dürli tehnologik gurluşlaryň arasynda baglaýjy zynjyr bolmak bilen, Eýranyň halkara jemgyýetçilikde ylmy kuwwatynyň berkemegine ýardam edýär.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024