Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tm
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Sanly bilim

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň binagärlik ýaňy: Talyplaryň we mugallymlaryň Arkadag şäheriniň “Görogly” adyndaky döwlet atçylyk sirkindäki tejribe okuwy

05.03.2025

2853

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň binagärlik ýaňy: Talyplaryň we mugallymlaryň Arkadag şäheriniň “Görogly” adyndaky döwlet atçylyk sirkindäki tejribe okuwy

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýilip yglan edilen 2025-nji ýyl ilkinji günleriden başlap , ähli ulgamlarda uly ösüşlere beslendi. Türkmen halkynyň asyrlardan bäri saklap gelen milli gymmatlyklarynyň biri hem ahalteke bedewleridir. Bu täsin bedewler diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, dünýäniň dürli künjeklerinde uly meşhurlyga eýedir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, atçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, bu ugurda zähmet çekýän atşynaslaryň iş we durmuş şertleri gowulandyrylýar.

Türkmen bedewleriniň sarpasy halkara derejesinde hem belent tutulýar. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan uly üstünligini görkezmek bolar. Türkmen atşynaslarynyň ussatlygy we ahalteke bedewleriniň çeýeligi, çydamlylygy bu festiwalda uly seslenme döretdi.

2025-nji ýylyň 4-nji martynda Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň “Binagärlik” kafedrasynyň müdiri Ä.Gubaýewanyň ýolbaşçylygynda kafedranyň talyplary bilen bilelikde Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň binagärlik-gurluşyk aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşmak üçin göçme okuw tejribeligini geçdiler.

Okuw tejribesiniň dowamynda talyplara sirk binasynyň binagärlik çözgütleri, gurluşyk aýratynlyklary, inženerçilik ulgamlary we binalaryň peýdalanylyş aýratynlyklary barada giňişleýin düşündiriş berildi. Binanyň gurnama işleri, bezeg aýratynlyklary we döwrebap enjamlaşdyrylyşy boýunça talyplara tejribeli hünärmenler we mugallymlar tarapyndan maglumat berildi.

Tejribelikde talyplar özleriniň binagärlik taslamalarynda ulanyp biljek amaly maglumatlary topladylar. Şeýle-de atçylyk sirkiniň gurluşyk aýratynlyklary barada çuňňur tejribe gazanyp, binagärlik ugrunda bilimlerini artdyrdylar.

Netijede, bu okuw önümçilik tejribesi talyplar üçin örän netijeli bolup, talyplaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, olara ýurdumyzyň atçylyk ulgamynda alynyp barylýan giň gerimli işler bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döretdi hem-de talyp ýaşlar bu tejribeden uly täsirler alyp, özleriniň hünär ugurlarynda täze bilimleri we tejribeleri edinmek mümkinçiliklerini gazandylar.

neutrality.gov.tm

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024