
Täzelikler
525

2025-nji ýylyň 5-nji martynda Tükmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar Birleşiginiň merkezi Geňeşiniň yglan eden “Talyp gözeli-2025” atly gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk insitutyndan Ýol gurluşygy fakultetiniň “Kartografiýa we geoinformatika” taýýarlygyň ugrunyň 2-nji ýyl talyby Gülmire Hojagylyjowa gatnaşdy. Bäsleşigiň şertine laýyklykda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylyň joşgunly owazyny aýdym, goşgy, sahna çykyşlaryny ýerine ýetirmek, Gahryman Arkadagymyzyň “Bereketli türkmen saçagy” atly kitabyndan ugur alyp, türkmen milli unaşyny kesmek, “Hünärim bar – hormatym bar” şertinde bolsa, zehinleri, ussatlyklary we ukyplary keşde çekmek arkaly görkezdiler.
Aýdym-saza beslenip, çekeleşikli geçen bäsleşikde baýrakly orunlara mynasyp bolan talyp gözellere hormat hatlary, Magtymguly adyndaky YaşlarGuramasynyň Merkezi Geňeşiniň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.