Aşgabat
Täzelikler
26
“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” we “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” öňde goýlan wezipelere laýyklykda hem-de Türkmenistanyň daşary ykdysady işini mundan beýläk-de ösdürmek üçin halkara we sebitleýin maliýe institutlary bilen işjeň hyzmatdaşlygy ilerletmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň daşary ykdysady işini mundan beýläk-de ösdürmek, ykdysady ugurly halkara guramalar, maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygy ilerletmek babatda resminamalaryň taslamalaryny işläp düzmek boýunça pudagara topar döredildi we bu toparyň düzümi, şeýle hem topar hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024