Aşgabat
Täzelikler
165
2025-nji ýylyň mart aýynyň 10-na Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda “Nazary mehanika” dersi boýunça IV Açyk halkara internet olimpiadasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Halkara Olimpiadanyň açylyş dabarasy trugbaşdan ýokary ruhy galkynyşa eýe boldy. Onda diňlenilen çykyşlarda bellenilşi ýaly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrünyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän Bilim özgertmeleri öz oňyn netjelerini berýär. Halkara derejesindäki bu olimpiada ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 22-sindan talyp ýaşlaryň 184-si, 17 daşary ýurt döwletleriň 85 sany ýokary okuw mekdeplerinden talyp ýaşlaryň 517-si, umumylykda 107 ýokary okuw mekdebinden 700-den gowrak talyp ýaşlar gatnaşýar. Halkara internet olimpiada Türkmenistanyň sanly bilim ulgamynda gazanan netijelerini, ýaşlaryň innowasion tehnologiýalaryny ulanmakda ukyp başarnyklaryny görkezýär, şeýle hem Milli ykdysadyýetiň durnukly ösýän şertlerinde bilim tehnologiýalaryny netijeli ulanmaga, zehinli talyp ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam berýär. Halkara internet olimpiadasy 5 gün dowam edip, talyp ýaşlar şahsy we toparlaýyn görnüşinde bäsleşerler. Üstünlikli geçiriljek olimpiada gatnaşan talyp ýaşlar ýurdumyzda häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyklykda okamaga, öwrenmäge, döretmäge hem-de şeýle bäsleşiklere gatnaşmaga döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
Şeýle hem okaň: Turkmenportal
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024