Aşgabat
Täzelikler
34
2025-nji ýylyň mart aýynyň 11-ine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ilkinji Zenanlar guramasynyň gurnamagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary welaýat bölüminiň agzalary, institutyň zenan mugallymlary, işgärleri we talyp gyzlary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda golaýda Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli berkarar Watanymyzyň ajaýyp gelin-gyzlarynyň hormatyna geçirilen baýramçylyk dabarasynda Gahryman Arkadagymyzyň sanly ulgam arkaly göni ýaýlymda gatnaşyp, mähriban zenanlarymyzy Halkara zenanlar güni bilen gutlamagynyň terbiýeçilik ähmiýeti barada birnäçe çykyşlar diňlenildi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaşlar üçin döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024