Aşgabat
Täzelikler
98
2023-nji ýylda Hormatly Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynda kabul edilen Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň bilelikdäki beýannamasynda «Lu Ban ussahanasy» taslamasyny amala aşyrmagy ilerletmek baradaky teklip öňe sürüldi.
Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Sianyň nebit uniwersitetiniň, Hebeýiň nebit hünär- tehniki uniwersitetibiň, Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) hem-de Hytaýyň Bilim ulgamynda halkara alyş-çalyş assosiasiýasynyň arasynda “Lu Ban ussahanasyny” döretmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde 2025-nji ýylyň 10-njy martynda “Lu Ban ussahanasyny” döretmek we durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik Partiýasynyň Şensi prowinsiýa komitetiniň sekretarynyň orunbasary, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, Hytaýyň CNPC kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň, Sian nebit uniwersitetiniň, Hebeýiň nebit hünär- tehniki uniwersitetiniň, Şensi hünär-tehniki kollejiniň wekilýetleri bilen Lu Ban ussahanasynyň hünärkämilleşdiriş okuwlarynyň açylyş dabarasy hem-de iş maslahaty geçirildi. Duşuşygyň çäginde Hytaý Halk Respublikasynyň wekilýeti Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň gurluşy, okuw binalary, ylmy-barlag we okuw merkezleri, barlaghanalary, uniwersitetde taýýarlanylýan hünärler we ugurlar hem-de alnyp barylýan ylmy-barlag işleri bilen tanyşdyryldy.
Duşuşygyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň wekilýeti bilen bilelikde Lu Ban ussahanasynyň taslamasynyň gurluşyk-gurnama işleri, barlaghana enjamlary, şeýle hem “Gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň geologiýasy we gözlegi” hem-de “Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (nebitgaz pudagynda)” bakalawr taýýarlyk ugurlary boýunça uniwersitetiň mugallymlarynyň hünär kämilleşdiriş okuwynyň dabaraly açylyşyna taýýarlyk görmek, bilelikdäki okuw maksatnamasyna laýyklykda, Sian nebit uniwersitetiniň magistraturasynda okamak üçin 2025-nji ýylda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetini tamamlaýan zehinli talyplary (uçurymlary) saýlap almak we kabul etmek, dünýäniň sebitlerini we aýry-aýry ýurtlaryny toplumlaýyn öwrenmek boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hünär kämilleşdiriş okuwlarynyň açylyş dabarasynyň hem-de iş maslahatynyň ahyrynda duşuşyga gatnaşyjylar daşary ýurtlaryň abraýly ugurdaş ýokary okuw mekdepleri, kompaniýalary, ylmy-barlag merkezleri bilen ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hem-de tejribe alyşmak boýunça döredilýän mümkinçilikler üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsunlaryny aýtdylar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
Şeýle hem okaň: Turkmenportal
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024