Aşgabat
Täzelikler
10
Düýn Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Stanislaw Çepurnoýyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-belarus gatnaşyklarynyň ikitaraplaýyn görnüşde, sebitleýin we halkara düzümleriň, hususan-da BMG we GDA-nyň çäklerinde hem netijeliligini kanagatlanma bilen bellediler.
Diplomatlar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmaga iki ýurduň ygrarlylygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar ylym-bilim, medeniýet we sungat ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024