Aşgabat
Täzelikler
415
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan bilim özgertmeleriniň möhüm talaplary hökmünde ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde okuw derslerini ýokary derejede öwretmek, okuwçylaryň tebigy zehin-başarnyklaryny ösdürmek, giň dünýägaraýyşly öňdebaryjy ýaşlary kemala getirmek, olaryň ylym we döredijilik bilen işjeň meşgullanmaklary üçin höweslendirmek hem-de hünärlere ugrukdyrmak babatynda toplumlaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda dürli bäsleşikler geçirilýär, ýaşlaryň halkara ders bäsleşiklerine gatnaşmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Mekdep okuwçylarynyň arasynda “Altyn asyryň altyn zehinleri” ders bäsleşiginiň döwlet tapgyryny ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk işleri alnyp baryldy. Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2021-nji ýylyň 2-nji martynda 52 belgili buýrugy bilen tassyklanan mekdep okuwçylarynyň arasynda okuw dersleri boýunça “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly bäsleşikleri geçirmegiň Düzgünnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň 12-13-nji martynda 11-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda ders bäsleşikleriniň döwlet tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň döwlet tapgyry Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2025-nji ýylyň 5-nji martyndaky 71 belgili buýrugyna laýyklykda, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde astronomiýa, geografiýa (jemi 102 okuwçy ganaşdy), Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener tehnologiýalar uniwersitetinde himiýa, fizika, biologiýa (276), Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda matematika, informatika (184), Türkmen oba hojalyk institutynda taryh (53), Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda rus dili (92), Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde türkmen dili we edebiýat (51), Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde iňlis dili (53) okuw derslerinden geçirildi. Bäsleşigiň döwlet tapgyryna Aşgabat, Arkadag şäher hem-de welaýat tapgyrlarynda ýeňiji bolan okuwçylar, şeýle-de 2023-2024-nji okuw ýylynda bäsleşigiň döwlet tapgyrynda 1-nji, 2-nji derejeli diplomlar bilen sylaglanan 811 okuwçy gatnaşdy.
Buýruga laýyklykda ders bäsleşiklerine gatnaşýan okuwçylary adalatly bahalandyrmak maksady bilen, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan we talyplaryndan ybarat eminler toparlary döredildi we düzümleri tassyklanyldy.
2025-nji ýylyň 13-nji martynda bäsleşigiň jemleri jemlenildi we ýeňijiler yglan edildi.
2025-nji ýylyň 12-13-nji martynda mekdep okuwçylarynyň arasynda okuw dersleri boýunça geçirilen
“Altyn asyryň altyn zehinleri” atly bäsleşiginiň netijeleri barada maglumat
Bäsleşigiň guramaçylyk-gözegçilik topary
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024