Aşgabat
Täzelikler
38
Gahryman Arkadagymyzyň zehininden dörän «Hakyda göwheri» atly çuňňur mazmunly kitap baý taryhymyzy, döwletlilik ýörelgelerimizi öwrenmekde talyp ýaşlara egsilmez çeşme bolup hyzmat edýär. Çünki onda halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän şöhratly ýoly, paýhasly pederlerimiziň ynsanperwerlik ýörelgeleri we şöhratly taryhymyzyň menzilleri täsirli maglumatlar bilen beýan edilýär.
2025-nji ýylyň 10-njy aprelinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň gurnamagynda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynda beýan edilýän maglumatlar dogrusynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Hakyda göwheri» — sözleriň düri» atly bäsleşik geçirilýär.
Bäsleşigiň esasy maksady alym Arkadagymyzyň eserlerinde beýan edilýän maglumatlaryň esasynda talyp ýaşlarda ynsanperwerlik, watansöýüjilik, belent adamkärçilik ýaly asylly häsiýetleri kemala getirmekden, ylym-bilim ulgamynda döredilip berilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp talyplaryň bilimini çuňlaşdyrmakdan, talyplarda kitap okamak endigini ýokarlandyrmakdan, kitap okamak arkaly talyplaryň dünýägaraýşyny has-da artdyryp kämil ynsanlar bolmagyny gazanmakdan ybaratdyr.
Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlar aýdýarys. Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.
Paýhasa ýugrulan eserleri bilen halkymyzy begendirýän Gahryman Arkadagymyzyň galamy ýiti, şeýle ajaýyp eserleriniň höwri köp bolsun!
Bostan Çakanowa
Aba Annaýew adyndaky
Halkara atçylyk akademiýasynyň
kätip çap edijisi
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024