Aşgabat
Täzelikler
160
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hormatly Prezidentimiziň degişli Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň 9-njy ýanwarynda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, şeýle-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça öňde goýan wezipelerine laýyklykda, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti “Miras” Türkmenistan teleýaýlymy bilen bilelikde söhbetdeşlik geçirdi.
Çykyş edenler uniwersitetiň mugallymlary Sona Islamowa, Şemşat Geldiýewa, Geldimyrat Meredow hem-de uniwersitetiň 3-nji ýyl talyby Dawut Döwranow dagylar parahatçylygyň, ynanyşmagyň häzirki zaman dünýäsinde Ýer ýüzüniň halklary üçin barha artýan gymmaty barada, Galkynyş milli at üstündäki oýunlar toparynyň üstünlikleri, Gahryman Arkadagymyzyň “Euronews” teleýaýlymyndaky interwýusy dogrusynda täsirli söhbet etdiler.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024