tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti

TITU-da «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly okuw dersleri boýunça bäsleşikler geçirildi.

15.03.2025

375

TITU-da «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly okuw dersleri boýunça bäsleşikler geçirildi.

11 — 14-nji martda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde ýurdumyzyň orta mekdep okuwçylarynyň arasynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly okuw dersleri boýunça bäsleşikleriň döwlet tapgyry geçirildi.

12-13-nji martda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde döwlet tapgyrynyň fizika, biologiýa we himiýa dersleri boýunça bäsleşikleri geçirildi. Ýokary okuw mekdebinde geçirilen ders bäsleşiginiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri, umumybilim berýän orta mekdepleriň mugallymlary, mekdep okuwçylary çykyş edip, Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan alnyp barylýan bilim özgertmeleriniň orny, ýaşlaryň döwrebap bilim alyp, ökde hünärmenler bolup ýetişmek ugrunda döredilýän mümkinçilikler dogrusynda giňişleýin bellenildi.

Şeýle hem, dabarada Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň «Oguzlar» döredijilik toparynyň çeper höwesjeňleri tarapyndan ýerine ýetirilen şirin mukamly aýdym-sazlar, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» gazanylýan ýokary üstünlikleriň mynasyp wasp edilmegi dabara gatnaşyjylarda  özboluşly täsir galdyrdy.

Bäsleşige gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri üçin alkyş sözlerini beýan etdiler.

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz