Aşgabat
Täzelikler
237
2025-nji ýylyň mart aýynyň 10-15-i aralygynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda “Nazary mehanika” dersi boýunça IV Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi. Bu Halkara Olimpiada trugbaşdan ýokary ruhy galkynyşa eýe boldy. Onda diňlenilen çykyşlarda bellenilşi ýaly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän Bilim özgertmeleri öz oňyn netjelerini berýär. Halkara internet olimpiada Türkmenistanyň sanly bilim ulgamynda gazanan netijelerini, ýaşlaryň innowasion tehnologiýalaryny ulanmakda ukyp başarnyklaryny görkezýär, şeýle hem Milli ykdysadyýetiň durnukly ösýän şertlerinde bilim tehnologiýalaryny netijeli ulanmaga, zehinli talyp ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam berýär. Halkara internet olimpiadasy 5 gün dowam edip, jemleýji güninde şahsy we toparlaýyn bäsleşikde ýeňiji bolan talyplar degişli diplomlar we höweslendiriji sowgatlar bilen sylaglandy. Soňra bolsa bu şanly waka mynasybetli institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymdyr tanslara tomaşa edildi. Üstünlikli geçirilen olimpiada gatnaşan talyp ýaşlar ýurdumyzda häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyklykda okamaga, öwrenmäge, döretmäge hem-de şeýle bäsleşiklere gatnaşmaga döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024