Aşgabat
Täzelikler
144
2025-nji ýylyň mart aýynyň 15-ine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ilkinji Zenanlar guramasynyň gurnamagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, «2025 ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrylmagy mynasybetli «Parahat ýurduň bagtyýar zenanlary» atly dabaraly maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň wekilleri, institutyň zenan mugallymlary, işgärleri we talyp gyzlary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Bitarap Türkmenistan döwletimizde zenanlaryň orny, olara goýulýan sarpa, watançylyk, gender deňligi, millilik ýaly temalar boýunça birnäçe çykyşlar diňlenildi. Soňra bolsa institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlara tomaşa edildi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaşlar üçin döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024