Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

Arkadag şäherinde ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili bilen duşuşyk geçirildi

16.03.2025

149

Arkadag şäherinde ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili bilen duşuşyk geçirildi

Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgelerini wagyz etmäge gönükdirilen Gazna bilen ÝUNISEF-iň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy bellediler. Jalpa Ratna Gaznanyň halkara giňişligindäki ýokary abraýyny nygtady we ÝUNISEF bilen Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň arasynda birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilendigini kanagatlanma bilen belledi. Şeýle hem, Gaznanyň ynsanperwer ugurdaky işlerine ýokary baha berdi we türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýolbaşçylygynda Gaznanyň alyp barýan işleriniň bütindünýä nusgalykdygyny belläp geçdi.

Döredilenden bäri dört ýylyň dowamynda Gazna tarapyndan dürli ýurtlarda heläkçilik zerarly ejir çeken çagalara kömek berlendigi şeýle hem Türkmenistanda köp sanly mätäç çagalara bejergi geçirlendigi nygtaldy.

Oguljahan Atabaýewa Gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygyna bagyşlanyp meýilleşdirilýän uly göwrümli çäreler barada habar berdi we ÝUNISEF-iň wekillerini şol çärelere gatnaşmaga çagyrdy. Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlaryna hem garaldy diýip, “Watan” habarlar gepleşinde habar berildi.

Şeýle hem şol gün Gaznanyň wise-prezidenti Müdiriýetiň mejlisini geçirdi, onda Gaznanyň döredilen gününe bagyşlanan çäreleri guramaçylykly geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Bu çärelerde Gaznanyň “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň çäginde ýaş nesliň saglygyny berkitmekde gazanan üstünliklerini şöhlelendirmegiň zerurlygy nygtaldy.şeýle hem ozaldan gelýän adamkärçilik ýörelgelerini mundan beýläk-de ösdürmegiň we bu ugurda beýleki ýurtlar bilen tejribe alyşmagyň ähmiýeti bellendi.

neutrality.gov.tm

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly