Aşgabat
Täzelikler
32
Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenen «Azyk önümçiliginiň abzallary» atly ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby okyjylaryna gowuşdy. Bu kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugynda taýýarlanyp, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň çaphanasynda çap edildi.
Jeýhun Geldiýewiň «Azyk önümçiliginiň abzallary» atly okuw kitaby 11 bapdan, 220 sahypadan ybarat. Onda akymlar we abzallar baradaky ylmyň döreýşi we ösüşi, azyk önümçiliginde düzümi birmeňzeş bolmadyk garyndylary bölmek akymy, azyk önümçiliginde süzülme akymy, separatorlaryň görnüşleri, azyk önümçiliginde ýylylyk akymlary, azyk önümlerini gyzdyrmak we sowatmak üçin abzallar, azyk önümçiliginde bugarma akymlary, azyk önümçiliginde buglaryň suwuklyga öwrülmek (kondensasiýa) akymy, absorbsiýa akymy. Azyk önümçiliginde agram çalşyk akymlary, ýönekeý gaýtadan işlemek, rektifikasiýa (çylşyrymly gaýtadan işlemek) akymy, azyk önümçiliginde guratma akymlary hakynda bilimleri özünde jemleýär. Onda adalgalar sözlüginiň bolmagy talyplaryň bilim-düşünjelerini artdyrmakda möhüm ähmiýetlidir.
Täze kitapda akyjy gurşawyň hereketi, gaz we suwuk görnüşindäki geterogen ulgamlaryň hasaplanyş hadysalary, olaryň fiziki-himiki esaslary, suwuk gurşawlaryň garylmagy, bir gurşawdan beýleki bir gurşawa ýylylygyň geçirilişi, suwuklyklary, gazlary arassalamak, bölmek, abzallaryň gurluş düzümine seretmek ýaly meselelere üns berilýär. Bu kitapda azyk we azyk önümçiliginiň galyndylaryny gaýtadan işlemegiň tehniki esaslary hakynda bilimler jemlenendir.
Bu kitapda azyk önümçilik tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň ýollary, şeýle hem oba hojalygyndan alynýan ösümlik we maldarçylyk çig mallaryny gaýtadan işlemek üçin abzallaryň ugurlary, tehnologik toplumlary gurnamagyň häzirki zaman görnüşleri beýan edilen. Bu bilimler ýurdumyzda azyk garaşsyzlygyny pugtalandyrmak, azyk önümçiliginiň möçberini artdyrmak, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, bäsleşige ukyply önümleri öndürmek, olaryň möçberidir görnüşlerini artdyrmak, hilini ýokarlandyrmak babatda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýetlidir.
Bu okuw kitaby ýokary okuw mekdepleriniň miwe-gök önümlerini gaýtadan işlemek, et-süýt önümlerini gaýtadan işlemek, dänäni gaýtadan işlemek we ösümlik ýagyny öndürmek hünärlerinde bilim alýan talyplara, bu ugurda işleýän professor-mugallymlara, oba hojalyk işgärlerine niýetlenilip, ondan giň okyjylar köpçüligi hem peýdalanyp biler.
Çeşmesi: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024