Aşgabat
Täzelikler
21
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Gahryman Arkadagymyzyň Gaznanyň ştab-kwartirasynda geçiren iş maslahatynda beren tabşyryklaryndan ugur alyp, Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyrdy. Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti welaýatyň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda, Köpugurly hassahanasynda hem-de Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde çagalaryň saglyklaryny dikeltmek we olara degişli bilim bermek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Welaýatyň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň eýwanynda bu ýerde bejergi alýan çagalaryň döreden el işleri, çeper döredijilik bilen meşgullanýan körpeleriň döreden dürli şekilleri, oýnawaçlar görkezilýär. Munuň özi bu ýerde ýola goýlan lukmançylyk hyzmatlarynyň çagalaryň aňyny ösdürmek, olaryň döredijilik ukyplaryny açyp görkezmekleri üçin döredilen şertler ýaly usullar bilen utgaşykly alnyp barylýandygyny görkezýär.
Ahal welaýatynyň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň mejlisler zalynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna operasiýa geçirilen we toplumda degişli bejergi alýan çagalar Gahryman Arkadagymyzyň döreden ajaýyp aýdymyny ýerine ýetirdiler.
Oguljahan Atabaýewa Köpugurly hassahananyň çaga dogrulýan bölüminiň intensiw otagyna baryp gördi. Bu ýerde eneleriň saglygyny goramak, sagdyn nesilleri kemala getirmek we dünýä inen çagalaryň saglyk ýagdaýyny yzygiderli gözegçilikde saklamak üçin ähli zerur mümkinçilikler döredilipdir.
Soňra Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Ahal welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine bardy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa merkeziň çaga dogrulýan bölüminiň işi bilen tanyşdy.
Bu ýerde işleýän lukmanlar enäniň we çaganyň saglygyny goramak, nesilleriň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek ugrunda ähli zerur mümkinçilikleriň döredilýändigi we bu meseleleriň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanylýandygy üçin lukman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.
Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly we sagdyn ösmekleri, olaryň häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede bilim-terbiýe almaklary bilen baglanyşykly meseleleriň ähmiýetini belläp, şunuň ýaly asylly işi alyp barýan lukmanlara mundan beýläk-de üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024