Aşgabat
Täzelikler
234
2025-nji ýylyň 16-njy aprelinde Nýu-Ýork şäherindäki BMG-niň ştab-kwartirasynda BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň (EKOSOS) Ýaşlar forumynyň çäginde gurnalan “Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar dialogynyň” ikinji duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň baştutanlygynda geçirilen çäre, ýaşlaryň wekillerini, ýerine ýetiriji häkimiýetleriň ýaşlar meseleleri boýunça ygtyýarlandyrylan edaralarynyň wekillerini we ýolbaşçylaryny, diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalaryň wekillerini jemläp, ýaşlar ulgamyndaky işleriň sebitde we onuň çäginden daşarda birleşdirilmegi hem-de jebisleşdirilmegi babatda Türkmenistanyň başlangyjynyň derwaýyslygyny we ähmiýetini aýratyn belläp geçdi.
Duşuşygyň açylyşynda gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň Gahrymany, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa çykyş etdi. Öz çykyşynda Aksoltan Ataýewa ýaşlar diplomatiýasynyň sebitiň we onuň daşyndaky parahatçylygy, özara düşünişmegi hem-de ynamy pugtalandyrýan güýçli guraldygyny nygtap, Türkmenistanyň ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk meseleleri boýunça BMG-niň möhüm kararlaryny öňe sürmekdäki ornuny aýratyn belläp geçdi.
Türkmenistanyň bitaraplyk derejesiniň sebit we halkara ýaşlar başlangyçlaryny utgaşdyrmakdaky aýratyn goşandyny belläp, Aksoltan Ataýewa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlaryny Türkmenistanyň goldaw bermeginde döredilen “Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar Dialogy” ýaly aýratyn meýdançalary netijeli peýdalanmaga, dünýäde dowam edýän giň möçberli işlere işjeň gatnaşmaga çagyrdy.
Duşuşygyň barşynda gatnaşyjylara ilkinji gezek 2023-nji ýylyň oktýabrynda Arkadag şäherinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen teklip edilen Merkezi Aziýa ýaşlar dialogynyň dörän taryhy we ösüşi hakynda wideoşekilli film görkezildi. Filmde Türkmenistanyň ýaşlar syýasatyndaky üstünlikleri, ýaşlar başlangyçlaryny goldamak üçin döredilen milli meýdançalar, nesilara dialogyň ösdürilmegi we parahatçylyk medeniýetini hem-de ynamy berkitmäge gönükdirilen halkara kararlaryň durmuşa geçirilmegi görkezildi. Wideoşekilli material ýurduň hyzmatdaşlyk, özara düşünişmek we ösüşe gönükdirilen durnukly sebit ýaşlar çagyryşyny özgertmekdäki işjeň ornuny açyp görkezdi.
Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew ýurduň ýaşlarynyň ösüşiniň wajyp modeli bilen tanyşdyrdy. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” şygarynyň diňe döwlet syýasatynyň nyşany bolman, eýsem ýaşlaryň aýratyn gyzyklanmalaryny, başarnyklaryny we isleglerini göz öňüne tutýan inklýuziw modeliň döredilmeginiň binýadyna öwrülendigini nygtady.
Bellenilişi ýaly, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň täze redaksiýasy, 2021–2025-nji ýyllar üçin ýaşlar syýasaty boýunça döwlet maksatnama hem-de 2023–2030-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlyk strategiýasy ýaly kabul edilen kanunçylyk we maksatnamalaýyn resminamalar ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilmegini, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösüşini we jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagyny üpjün edýär.
Merkezi Aziýada ilatyň ýarysynyň 30 ýaşdan kiçi bolmagy bilen baglylykda, demografik mümkinçiliklere aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýaşlaryň güýç-kuwwatyny we bilimini strategik maksatlara, şol sanda sanly ykdysadyýetiň we innowasion pudaklaryň ösüşine gönükdirýän baglanyşykly gurluşyň durmuşa geçirilýändigi nygtaldy.
Bu bolsa, öz gezeginde, çalt ykdysady ösüş we innowasion ösüş üçin özboluşly mümkinçilikler penjiresini döredýär. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar dialogynyň çäklerinde sebitiň mümkinçiliklerini konsolidasiýa etmek maksady bilen birnäçe anyk teklip edildi. Bu başlangyçlar ýaşlar syýasatynyň institusional esasda ösdürilmegine we ýaş nesliň işjeň gatnaşmagynda sebitde durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilendir.
BMG-niň düzümindäki halkara guramalaryň we agentlikleriň, şol sanda ÝUNISEF-iň, ÝUNFPA-nyň hem-de Halkara migrasiýa guramasynyň wekilleri Merkezi Aziýa ýaşlar dialogyna uly gyzyklanma bildirýändiklerini we bu başlangyjyň häzirki zaman üçin örän wajypdygyny tassykladylar. Olar bu hyzmatdaşlygy goldamaga we giňeltmäge taýýardygyny aýtdylar, onuň sebitde we dünýä derejesinde durnukly ösüş üçin ähmiýetini nygtap geçdiler.
Özbegistanyň Respublikasynyň Daşkent şäheriniň ýaşlar syýasaty we jemgyýetçilik ösüşi hem-de ruhy-terbiýeçilik işleri boýunça häkiminiň orunbasary Durdona Rahimowa ýaşlar arasyndaky hyzmatdaşlygyň institusional esasda berkarar edilmeginiň möhümdigini belläp, bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin durnukly mehanizmleri döretmegiň zerurdygyny nygtady. Gazagystanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň ýaşlar edaralarynyň wekilleri hödürlenen başlangyçlary goldap, ýaşlar syýasatyny ösdürmekde döwletara hyzmatdaşlygyň ähmiýetine ünsi çekdiler.
BMG-nyň Baş sekretarynyň ýaşlar meseleleri boýunça kömekçisi doktor Felipe Paulýer ýaşlaryň karar kabul etmek proseslerine gatnaşmagynyň ähmiýetini belledi hem-de Merkezi Aziýa dialogynyň “Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” gün tertibini ilerletmekdäki ornuny nygtady. BMG-nyň syýasy meseleler boýunça Baş sekretarynyň kömekçisi Miroslaw Ýança bu başlangyjyň sebitleýin ynamy we özara düşünişmegi pugtalandyrýandygyny aýtdy.
Fransiýanyň, Filippinleriň, Liberiýanyň, Iordaniýanyň hem-de beýleki ýurtlaryň wekilleri ýaşlar syýasaty ulgamynda tejribe alyşmagyň ähmiýetini belläp, Merkezi Aziýa sebiti bilen hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny beýan etdiler. Russiýa Federasiýasynyň wekili bu başlangyjyň sebitleýin durnuklylygy pugtalandyrmakdaky ähmiýetini aýratyn nygtap, Dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge goldaw bildirdi.
Türkmenistanyň ýaşlarynyň wekilleri ýaşlar syýasaty, parahatçylyk we durnukly ösüş babatynda ýurduň esasy gymmatlyklaryny we ileri tutýan ugurlaryny açyp görkezýän nutuk bilen çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda türkmen ýaşlarynyň parahatçylyk we ynamy berkitmäge gönükdirilen halkara başlangyçlara işjeň gatnaşmak islegini nygtadylar.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) ýaş ilçileriniň wideoýüzlenmesi görkezildi. Olar DÖM-leri ilerletmäge we degişli maksatnamalary durmuşa geçirmäge bolan ygrarlylygyny beýan etdiler.
Ýaşlar wekilleriniň hödürlän teklipleriniň we başlangyçlarynyň esasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar dialogynyň ikinji duşuşygynyň gatnaşyjylary ýörite Çagyryş kabul etdiler, şeýle hem dialogyň nobatlaşyp geçirilmegi boýunça Düzgünnamany tassykladylar. Nobatdaky duşuşyk Gazagystan Respublikasynda geçiriler. Bu bolsa sebitde ýaşlar syýasaty boýunça hyzmatdaşlygyň dowam etdirilýändiginiň we güýçlendirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Halkara guramalarynyň ýokary wezipeli wekilleriniň we BMG-niň agza döwletleriniň giň gerimli gatnaşmagy Türkmenistanyň parahatçylyk, howpsuzlyk we ýaşlar syýasatyny halkara derejesinde öňe sürmekde edýän tagallalarynyň ykrar edilýändigini görkezýär. Olaryň köpüsi bu ugurda Türkmenistanyň alyp barýan işlerine ýokary baha berip, minnetdarlyk bildirdiler.
Şeýlelikde, BMG-niň meýdançasynda geçirilen Merkezi Aziýa ýaşlar dialogynyň ikinji duşuşygy ýaşlar diplomatiýasynyň strategik ähmiýetini hem-de parahatçylyk we özara düşünişigi öňe sürýän bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň ornuny ýene bir gezek tassyklady.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024