Aşgabat
Täzelikler
53
Bilim-ylym ulgamynda netijeli halkara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň daşary ýurtlara amala aşyrýan saparlarynyň çäginde guralýan duşuşyklaryň, Hökümet hem-de pudagara derejedäki gepleşikleriň gün tertibine yzygiderli girizilýär. Gazanylan ylalaşyklar bolsa degişli ikitaraplaýyn resminamalaryň gol çekilmegi bilen berkidilýär.
Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň 15-nji aprelinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Nippon gaznasynyň hem-de JACAFA gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi iki ýurduň we olaryň bilim edaralarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň kanuny esaslaryny döretmegiň, onuň netijeliligini üpjün etmegiň we pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär.
Gol çekilen bu resminama Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Nippon gaznasynyň hem-de JACAFA gaznasynyň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze tapgyry bolup, onuň esasy maksady Institutyň talyplary üçin talyp haky maksatnamasy babatda degişli özara düşünişmegi gazanmakdan ybaratdyr.
Ähtnama laýyklykda, TNF-iň tassyklamagynyň esasynda JACAFA we Institut talyp haky beriljek talyplary bilelikde saýlarlar.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Nippon gaznasynyň hem-de JACAFA gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi ýurdumyzda ýaşlaryň ýokary hilli bilim almagy, ylym bilen meşgullanmagy, giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine işjeň gatnaşmaklary, innowasion başlangyçlaryny we döredijilik pikirlerini durmuşa geçirmekleri üçin ähli amatly şertleriň döredilýändigini aýdyň görkezýär. Munuň özi bolsa ähliumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we durnukly ösüşiň möhüm şerti bolup durýar.
Çeşmesi: Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024