Aşgabat
Täzelikler
41
Ýurdumyzyň bilim ulgamynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýaş nesle bilim-terbiýe bermek boýunça işler maksatnamalaýyn giň gerimde amala aşyrylýar. Şol giň gerimli işleri üstünlikli durmuşa geçirmekde mekdep kitaphanalarynyň we kitaphanaçylarynyň orny örän uly. Mekdep kitaphanasy we kitaphanaçy wezipesinde halal zähmeti bilen abraý gazanyp, ak ýürekden işläp ýören kitaphanaçylar buýsanjymyzy artdyrýar. Şeýle kitaphanaçylaryň tejribesini paýlaşmagy, elbetde, halypa-şägirtlik diýilýän uly mekdebiň esasyny düzýän wezipe hasap etmek bolar.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi tarapyndan 2025-nji ýylyň 16-njy aprelinde Aşgabat şäherinäki 4-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda Arkadag şäheriniň bilim, Aşgabat şäher we welaýat Baş bilim müdirlikleriniň, etrap bilim bölümleriniň mekdep kitaphanalarynyň okuw kitaplarydyr gollanmalar, syýasy we çeper edebiýatlar bilen üpjünçiligine jogapkär hünärmenleriniň gatnaşmagynda “Umumybilim edaralarynyň kitaphanalarynyň işini döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek” atly iş maslahaty geçirildi.
Iş maslahatynda Türkmenistanyň umumybilim berýän bilim edaralarynyň kitaphanalarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda çykaran 1251-nji Karary bilen tassyklanylan “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny talabalaýyk berjaý etmegiň esaslary, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan bilim edaralaryna ýaýradylýan okuw kitaplary, okuw gollanmalary we olaryň elektron nusgalary bilen okuwçylary öz wagtynda üpjün etmek, olaryň aýawly saklanylyşyna we netijeli peýdalanylyşyna gözegçiligi güýçlendirmek boýunça işler, okuwçylarda çeper edebiýata bolan höwesi we gyzyklanmany ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň ýöredilişine bolan talaplar boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mekdep kitaphanaçylary tarapyndan ýurdumyzyň ajaýyp ösüşlerini, özgerişlerini hemmetaraplaýyn açyp görkezýän, baý milli mirasymyzy, taryhymyzy beýan edýän we oňa uly söýgi döredýän, şeýle hem “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”, “Baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy”, başga-da ýurdumyzda bellenilýän şanly senelere we baýramçylyklara bagyşlanyp guralýan öwüt-ündew beriji kitap sergileriniň, kitaplary wagyz etmek boýunça degişli çäreleriň yzygiderli geçirilmeginiň kitaphana işiniň esasy wezipeleriniň biridigi nygtalyp, bu işleriň guramaçylykly geçirilmegini hemişe üns merkezinde saklamalydygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ählitaraplaýyn tagallalary, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hemişelik aladalary netijesinde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimizi ylymly, bilimli, ösen tehnologiýalardan we häzirki zaman ylymlaryndan baş çykarýan, ýurdumyzyň abraýyny halkara derejesinde has ýokary belentliklere çykarmaga özleriniň mynasyp goşantlaryny goşjak hakyky watansöýüji, bagtyýar nesil edip terbiýeläp ýetişdirmek, okuwçylaryň ýaş aýratynlyklaryny nazara alyp, olarda kitap okamaga höwesi döretmek we ösdürmek boýunça mekdep kitaphanaçylarynyň öňünde jogapkärli wezipeler durýar. Kitap we kitaphana bilimler dünýäsinde taýsyz hazyna hasap edilýär.
Aşgabat şäherindäki Ýunus Emre adyndaky 47-nji orta mekdebiň kitaphanaçysy Näzik Atamyradowanyň öz iş tejribesi boýunça eden çykyşy, geçiren çäreleriniň wideoýazgylaryny interaktiw tagtada paýlaşmagy maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Bu wideoýazgylar elektron göterijilere ýüklenilip welaýat Baş bilim müdirlikleriniň, şäher bilim bölüminiň kitaphana işi boýunça hünärmenlerine işde peýdalanmak üçin gowşuryldy.
Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň hünärmeni Maksat Ýakubow öz iş tejribesini paýlaşmak bilen, mekdep kitaphanalarynda işleriň talabalaýyk guralmagy boýunça usuly maslahatlar bilen çykyş etdi, sorag-jogap alşyldy.
Kitap okaýanyň gözýetimi giňäp, bilimi yzygiderli artýar. Kitaplary wagyz etmek boýunça geçirilmeli çäreler, olaryň ähmiýeti barada özara tejribe alyşmak, usuly maslahatlary jemlemek tertibinde geçirilen bu iş maslahatynyň örän netijeli bolandygyny oňa gatnaşyjylar bellediler. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän döwlet ýolbaşçylaryna, ilkinji nobatda, beýik başlangyçlary bilen dünýäde tanalýan syýasatçy – türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de şol başlangyçlary üstünlikli dowam edýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024