Aşgabat
Täzelikler
24
2025-nji ýylyň aprel aýynyň 17-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi bilelikde gurnamaklarynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Şanyna toý tutular waspy ýaýrar çar ýana, Alkyş aýdar il-günümiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza» atly aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda türkmen bedewiniň milli baýramy, seýisçilik sungaty, ahalteke türkmen bedewleri barada birnäçe çykyşlar diňlenildi. Soňra bolsa institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeklerinde türkmen bedewlerimizi, Watanymyzy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlara tomaşa edildi. Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtýarlar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024