Aşgabat
Täzelikler
94
2025-nji ýylyň aprel aýynyň 17-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda 2025-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda halkara ders bäsleşiklerine, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri tarapyndan geçirilen ders bäsleşiklerine we internet bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelän talyplara sowgat gowşurmak dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeklerinde watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlara tomaşa edildi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024