Aşgabat
Täzelikler
43
Hormatly Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň 2023-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynda kabul edilen Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň bilelikdäki beýannamasynda Türkmenistanda «Lu Ban ussahanasy» taslamasyny durmuşa geçirmek teklip edildi.
Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň 17-nji aprelinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde bu bilim ojagynyň ýolbaşçylarynyň, professor-mugallymlarynyň, Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň we Sian nebit uniwersitetiniň wekilleriniň wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşmaklarynda iş maslahaty geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýeti bilen bilelikde Lu Ban ussahanasynyň taslamasynda häzirki zaman barlaghana enjamlary üçin okuw binasynyň gurluşyk-gurnama işlerine degişli bolan resminamalaryň taslamalaryna seredildi, ara alnyp maslahatlaşyldy we olar boýunça anyk tekliplere garaldy.
«Lu Ban ussahanasynyň» döredilmegi iki döwletleriň arasynda ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň anyk mysaly hökmünde garamak bolar. Hytaý Halk Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda nebitgaz, ykdysady, syýasy we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlyk iki ýurdyň arasyndaky dostluk-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegine ýardam berer.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024