Aşgabat
Täzelikler
32
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda beýleki ulgamlar bilen bir hatarda agrosenagat ulgamynyň hem işlerini ýokary derejelere ýetirmek, oba zähmetkeşleriniň öndürijilikli işlemeklerini üpjün etmek, oba adamlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” çäklerinde alnyp barylýan işlere aýratyn üns berilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary hilli un, çörek, unaş we çörek önümlerini öndürmäge niýetlenen kärhanalardyr toplumlar yzygiderli işe girizilýär. Ýurdumyzda däneçilik pudagynyň güýçli depginler bilen ösdürilmegi beýleki oba hojalyk we senagat pudaklarynyň ösdürilmegine hem ýardam edýär.
Ýaňy-ýakynda ýokary okuw mekdepleri üçin «Ýarmanyň we unuň tehnologiýasy» okuw kitaby (awtorlary: B.Taýlakow, B.Rejepow, G.Taýlakowa, D.Nepesow – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy) neşir edildi. Ýarmanyň we unuň tehnologiýasy dersiniň okuw maksatnamasyna laýyklykda taýýarlanylan bu okuw kitaby sözbaşydan, 10 sany bapdan, düşündirişli sözlükden we peýdalanylan edebiýatlaryň sanawyndan ybarat. Ýarmanyň we unuň tehnologiýasy, dänäni gaýtadan işlemegiň nazaryýet esaslary, däne gaýtadan işlenende we saklananda ýüze çykýan hadysalar, elewator senagatynyň kärhanalarynda dänäni gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy, unuň öndürilişiniň esasy, ýarma önümçiliginiň esasy tehnologiýasy, däne we däne önümleri saklanýan ammarlar, degirmen toplumyny enjamlaşdyrmagy saýlap almagyň we hasaplamalaryň usulyýeti, galla hasylyny arassalamak üçin ulanylýan enjamlar, tejribe usulyýeti, dänäniň arassalygyny we hilini kesgitlemegiň tejribe usullary boýunça giňişleýin maglumatlar berilýär.
Okuw kitabynyň mazmunynda beýan edilýän maglumatlaryň belli bir bölegini düşündirýän çyzgylardyr suratlaryň 49-synyň, ululy-kiçili tablisalaryň 71-siniň ýerleşdirilmegi kitabyň many-mazmun we maglumat taýdan gymmatyny has-da artdyrýar.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024