Aşgabat
Täzelikler
39
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan ata Watanymyzda Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde ýokary netijeli sportuň, köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hem-de sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine, sagdynlyk we ruhubelentlik ýörelgeleriniň durmuşa giňden ornaşdyrylmagyna döwlet derejesinde giň gerim berilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik başlangyçlary bilen badalga berlen, täze eýýamda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän ýurdumyzyň halkara sport abraýy täze derejelere ýetýär. Dünýäde iri halkara sport ýaryşlaryny geçirmäge ukyply döwlet hökmünde ykrar edilen ata Watanymyzda dürli ýaryşlaryň, şol sanda halkara derejedäki ýaryşlaryň geçirilmegi sport boýunça milli strategiýamyzyň iş ýüzündäki ajaýyp beýanyna öwrülýär.
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda sportuň ösen ulgamyny döretmek, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, Olimpiýa hereketini ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, sportda ýaş zehinleri ýüze çykarmak we olary höweslendirmek, halkara derejesinde ussat türgenleri taýýarlamak üçin amatly şertleri döretmek babatda toplumlaýyn işler durmuşa ornaşdyrylýar.
Milli we guşakly «Alyş» göreşi gadymy taryhy kökleri bolan türkmen halkynyň we dostlukly halklaryň gahrymançylykly ruhuny, edermenligini we sport medeniýetini özünde jemleýän göreş görnüşleridir. Bu görnüşler diňe bir sport ýaryşy bolman, eýsem, halklaryň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup, nesilden-nesle geçip gelýän asylly ýörelgeleri dabaralandyrýar.
Bu ýaryş halkara derejesinde pälwanlaryň sport ussatlygyny synagdan geçirmäge, dostlukly hyzmatdaşlygy berkitmäge we göreşiň ösdürilmegine täze itergi bermäge ýardam eder. Türkmen pälwanlary dünýäde öz başarnyklary bilen tanalyp, göreşiň ussatlygyny we türkmen ruhuny äleme ýaýýarlar. Özleriniň sport ýeňişleri bilen Watanymyzyň tuguny belentden parlatmak, türkmen sportuny dünýä ýaýmak her bir türkmenistanly türgeniň mukaddes borjudyr.
Biz milli türgenlerimize öňde boljak halkara ýaryşda ynamly ýeňişleri gazanyp, ýurdumyzyň sport abraýyny geljekki belent basgançaklara çykarmaklaryny arzuw edýäris!
Sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşyň gollanmasy hem-de maglumatlar kitapçasy
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024