Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tm
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

27 ýurduň kompaniýalarynyň we guramalarynyň 63-si «Halkara söwda we hyzmatlar» atly foruma gatnaşmak üçin hasaba alyndy

19.04.2025

66

27 ýurduň kompaniýalarynyň we guramalarynyň 63-si «Halkara söwda we hyzmatlar» atly foruma gatnaşmak üçin hasaba alyndy

18-nji aprelde geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýew şu ýylyň 29-njy apreli – 1-nji maýy aralygynda Söwda-senagat edarasynda «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkasyny hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu sergä ýurdumyzyň söwda toplumyna degişli hem-de ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň we guramalarynyň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Serginiň çäklerinde halkara hünärmenleriniň gatnaşmagynda eksporty ösdürmek, sanly marketing, sertifikasiýa talaplary ýaly meseleler boýunça maslahat beriş duşuşyklarynyň, işewürlik geňeşmeleriniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Halkara maslahatyna gatnaşmak üçin dünýäniň 27 ýurdundan kompaniýalaryň we guramalaryň 63-si hasaba alyndy we häzirki wagtda gatnaşmaga isleg bildirýänleri hasaba almak dowam edýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

neutrality.gov.tm

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024