Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tm
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Türkmenistanyň Bilim Ministrligi

“ICT Start-up: durnukly ösüş üçin innowasiýa tehnologiýalary” atly innowasiýa taslamalary bäsleşiginiň açylyş dabarasy geçirildi

19.04.2025

169

“ICT Start-up: durnukly ösüş üçin innowasiýa tehnologiýalary” atly innowasiýa taslamalary bäsleşiginiň açylyş dabarasy geçirildi

2025-nji ýylyň aprel aýynyň 18-ne Türkmenistanyň Bilim ministrligi Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde gurnamaklarynda ýaşlaryň arasynda “ICT Start-up: durnukly ösüş üçin innowasiýa tehnologiýalary” atly innowasiýa taslamalary bäsleşiginiň açylyş dabarasy geçirildi. Taslama bäsleşigine ýaş hünärmenler, Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriň talyplary we mekdep okuwçylary gatnaşýarlar. Bäsleşige gatnaşyjylar ilki bilen institutyň Baş binasynda mähirli garşylanyp, hasaba alyndy. Taslama bäsleşik mynasybetli gurnalan dabarada çykyş edenler ähli gatnaşyjylara üstünlikleri arzuw etdiler we meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejede üpjün edilendigi üçin Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar. Soňra bolsa Watanymyzy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlara tomaşa edildi. Taslama bäsleşigine gatnaşýan ýaşlar öz aralarynda ýedi ugur boýunça, ýagny Emeli aň, Robototehnika we awtomatizasiýa, Akylly oba hojalyk tehnologiýalary, Akylly şäher, Bilim we elektron okuwy, Sanly lukmançylyk, Hyzmatlar ulgamy boýunça bäsleşerler. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtýarlar.

neutrality.gov.tm

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024