Aşgabat
Täzelikler
47
Ýaňy-ýakynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Ýaponiýa amala aşyran ilkinji iş saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň filosofiýa ylymlarynyň hormatly doktory alymlyk derejesiniň berilmegi ýurdumyzyň Ýaponiýa bilen ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň üstünliklere beslenip, amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasy hökmünde taryha altyn harplar bilen ýazyldy. Saparyň dowamynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan hem beýläk ösdürmek maksady bilen birnäçe Ähtnamalara, Ylalaşyklara gol çekildi. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Ýaponiýanyň degişli edaralarynyň arasynda ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ähtnamalara gol çekildi:
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen “Nippon” gaznasynyň we “JACAFA” gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen “Tokio Boeki Eurasia Ltd” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Ýaponiýanyň “Tohkemy Сorporation” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama.
Bu Ähtnamalar uniwersitetiň mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň ylym-bilim, tehnologiýalar we innowasiýalar baradaky tejribelerini artdyrmaga, hünärlerini kämilleşdirmäge giň mümkinçilikler döreder.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024