“Türkmenistan dostlugyň mekany” atly syýasy gepleşik
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň “Altyn asyr” Türkmenistan teleýaýlymy bilen bilelikde taýýarlan bu syýasy gepleşigi Hormatly Prezidentimiziň Azerbaýjan Respublikasyna hem-de Ermenistan Respublikasyna iş saparlarynyň taryhy ähmiýeti dogrusynda boldy.
2026-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyrýan sapary ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki belent abraýynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşi Aziýa giňişliginde parahatçylygy, durnuklylygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen ýokary wekilçilikli hem-de abraýly döwletara forumdyr. Bu Geňeş syýasy, ykdysady, ekologiýa, ynsanperwer, şeýle hem täze wehimlere garşy durmak ýaly esasy bäş ugry öz içine alyp, köptaraplaýyn we köpugurly dialog üçin amatly meýdança bolup durýar.
Türkmen wekiliýetiniň bu ýokary derejeli foruma gatnaşmagy sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda ýurdumyzyň köptaraply dialog ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygynyň subutnamasydyr.
Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň mümkinçilikleriniň peýdalanylmagy ulag-logistika, durnukly energetika, ekologiýa we howanyň üýtgemegine garşy durmak ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň gözýetimleri açýar. Türkmenistan Geňeşde synçy döwlet bolmak bilen, bu meýdança ynanyşykly gatnaşyklaryň netijeli guraly hökmünde garaýar hem-de Ýewraziýa giňişliginde özara hormat goýmak ýagdaýyny pugtalandyrmakda deňagramly çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga işjeň ýardam berýär.
2026-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyz Ermenistan Respublikasynda BMG-nyň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy.
Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky netijeli döwletara gatnaşyklar däp bolan dostluk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýar. Ýokary derejede ýola goýlan yzygiderli dialog söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmäge hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam berýär. Şeýle hem ýurtlarymyz iri halkara düzümleriň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.
BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň çäklerinde Ýerewanda geçirilýän Liderler sammiti tebigy ekoulgamlary goramak işinde dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilendir. Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly wehimleriň barha artýan şertlerinde bu abraýly meýdança döwlet Baştutanlaryna dünýäde ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmek üçin syýasy mehanizmleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň ekologiýa syýasaty ýurdumyzyň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykarylyp, amala aşyrylýan giň möçberli milli maksatnamalarda öz beýanyny tapýar. Ýurdumyz daşky gurşawy goramagyň we tebigy serişdelerden netijeli peýdalanmagyň häzirki hem-de geljekki nesilleriň abadançylygynyň hökmany şerti bolup durýandygyndan ugur alýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda alnyp barylýan işler çölleşmä garşy göreşmek, bioköpdürlüligi gorap saklamak hem-de suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak boýunça çäreleriň giň toplumyny öz içine alýar.
Halkara giňişlikde Türkmenistan möhüm ekologiýa meseleleri boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen anyk başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek, şeýle hem Aral deňziniň basseýni üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak baradaky teklipleriň yzygiderli öňe sürülmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Ýurdumyz “ýaşyl” ykdysadyýet ýörelgelerini ornaşdyrmaga, uglerodyň daşky gurşawa zyňyndylaryny peseltmäge hem-de gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmäge aýratyn üns berýär. Yzygiderli geçirilýän ählihalk bag ekmek dabaralary bu ugurda alnyp barylýan giň möçberli işleriň aýdyň mysallarynyň biridir. Onuň çäklerinde her ýyl millionlarça düýp bag nahallary oturdylyp, şäherleriň daşynda ýaşyl zolaklar döredilýär.
Şeýlelikde, Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Bakuda hem-de Ýerewanda geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärçilikli gatnaşyjysy hökmünde Türkmenistanyň belent abraýynyň nobatdaky aýdyň mysaly boldy. Döwlet Baştutanymyzyň sammitlerdäki beýan eden teklipleri hem-de başlangyçlary ýurdumyzyň sebitde we dünýäde ekologiýa abadançylygynyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti



















