Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tm
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Türkmenistanyň Bilim Ministrligi

“ICT Start-up: durnukly ösüş üçin innowasiýa tehnologiýalary” atly innowasiýa taslamalary bäsleşiginiň ýapylyş dabarasy geçirildi

19.04.2025

174

“ICT Start-up: durnukly ösüş üçin innowasiýa tehnologiýalary” atly innowasiýa taslamalary bäsleşiginiň ýapylyş dabarasy geçirildi

2025-nji ýylyň aprel aýynyň 19-yna Türkmenistanyň Bilim ministrligi Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde gurnamaklarynda geçirilen ýaşlaryň arasynda “ICT Start-up: durnukly ösüş üçin innowasiýa tehnologiýalary” atly innowasiýa taslamalary bäsleşiginiň jemleri jemlendi. Ýedi ugur boýunça iki güniň dowamynda geçirilen taslama bäsleşigi örän çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Taslama bäsleşigiň jemleýji dabadasynda her ugur boýunça ýeňijiler kesgitlenildi. Dabaranyň dowamynda edilen çykyşlarda bellenilşi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän Bilim özgertmeleri öz oňyn netijelerini berýär. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň agzalary tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy. Soňra bolsa bu şanly waka mynasybetli institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymdyr tanslara tomaşa edildi. Üstünlikli geçirilen taslama bäsleşigine gatnaşyjylar ýurdumyzda häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyklykda okamaga, öwrenmäge, döretmäge hem-de şeýle bäsleşiklere gatnaşmaga döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty

neutrality.gov.tm

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024