Aşgabat
Täzelikler
51
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň döredijilikli pikirleriniň, innowasion başlangyçlarynyň öňe sürülmegi, olaryň dünýä derejesindäki taslamalara gatnaşmagyna giň mümkinçilikleriň döredilmegi babatda uly işler alnyp barylýar.
Şeýle mümkinçilikleriň biri hökmünde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde guraýan Ýaşlaryň arasynda "ICT Startup: Durnukly ösüş üçin innowasiýa tehnologiýalary" atly geçirilen bäsleşigi bellemek bolar. Bu bäsleşigiň ýurdumyzyň taryhynda aýratyn ähmiýete eýe bolan, gadymy medeniýetleriň çatrygynda ýerleşen gadymy Mary şäherinde geçirilmegi çäreniň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Bu bäsleşik 2025-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň Dialogynyň ikinji duşuşygynda türkmen ýaşlarynyň öňe süren teklipleriniň durmuşa geçirilmeginiň ilkinji uly çäresi hökmünde durmuşa geçirildi. Mary şäherinde geçirilen bu bäsleşik baradaky maglumat hem şol Dialogyň açylyş dabarasynda halkara jemgyýetçilige ýetirilip, öz beýanyny tapdy. Bu bolsa onuň halkara derejesindäki ähmiýetiniň hem-de giň seslenme gazanmagynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Bilşimiz ýaly, bu başlangyç ilkinji gezek 2024-nji ýylda Arkadag şäherinde geçirilen "Dialog – parahatçylygyň kepili" atly halkara forumda öňe sürlüpdi. Şol halkara forumda ýaşlaryň arasynda dostlugy, özara ynanyşygy, parahatçylykly pikir alyşmalary ösdürmek ugrunda täzeçe ýörelgeler esaslandyryldy. Bu günki bäsleşik diňe bir innowasiýa pikirleriň ýaryşy bolman, eýsem ýaşlarymyzy global meseleleriň çözgüdine goşmaga, olaryň tehnologiýa we durnukly ösüş ugurlarynda pikir alyşmagyna giň mümkinçilik döredýär. Ýaşlaryň döredijilikli pikirleriniň, täzeçil çözgütleriniň, jemgyýet üçin peýdaly başlangyçlarynyň şeýle giň gerimli sahnada hödürlenmegi – ýurdumyzda ýaşlara berilýän aýratyn ähmiýetiň aýdyň nyşanydyr.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow özüniň çykyşlarynda türkmen ýaşlarynyň taryhy üstünliklere hem-de Watanymyzyň gülläp ösmegine goşan uly goşandyny aýratyn belleýär. Türkmenistanda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň ägirt uly mümkinçiliklerini açmak, jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Häzirki wagtda türkmen ýaşlary dürli halkara olimpiadalarda, döredijilik bäsleşiklerinde, sungat festiwallarynda we sport ýaryşlarynda öz bilimlerini we başarnyklaryny üstünlikli görkezýärler. Türkmenistanyň ýaş oglanlary we gyzlary döwlet hem-de hususy pudaklarda üstünlikli zähmet çekip, milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynyň ösüşine işjeň gatnaşýarlar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýaşlaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak, olaryň innowasiýa işjeňligini höweslendirmek, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, ýaşlarymyz hem döredijilikli pikirleri bilen ýurdumyza, sebitimize we dünýä parahatçylygyna öz mynasyp goşandyny goşýarlar. Çäräniň açylyş dabarasynda 2025-nji ýylyň 16-njy aprelinde Nýu-Ýork şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň Dialogynyň dowamynda türkmen ýaşlarynyň dünýä jemgyýetçiligine ýüzlenmesini öz içine alýan wideo ýazgy çärä gatnaşyjylar tarapyndan tomaşa edildi we gyzgyn garşylandy. Iki gün dowam eden bäsleşigiň 7 ugur boýunça gatnaşan 200-den gowrak ýaşlardan dürli pudaklarda zähmet çekýän tejribeli hünärmenlerden ybarat Eminler toparynyň çözgüdi esasynda aşakdaky ady geçýän 35 taslama ýeňiji diýlip yglan edildi.
I. "Bilim we elektron okuw" ugry boýunça:
1-nji orun. Şatlyk Salamow Şamyradowiç (ýekeleýin), Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 5-nji ýyl talyby. Taslamasy: “Sanly tehnologiyanyň komegi bilen Arkadag ýyldyzyny we Älem giňisligindäki jisimleri öwrenmek”.
2-nji orun. Atdaýew Ýazmyrat Döwletmyradowiç (ýekeleýin), Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynyň 5-njy ýyl talyby. Taslamasy: “Arkadag” mobil programmasy.
3-nji orun. Gurbanow Gojuk Çary ogly (ýekeleýin), Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Hirurgiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasy, kliniki ordinator II ýyl. Taslamasy: “Kesgitle – hünäri kesgitlemek we bilimi kämilleşdirmek üçin online programma üpjünçiligi”.
3-nji orun. Ýakubow Muhammet Saparmyradowiç, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň 6-njy orta mekdebiniň fizika mugallymy, Habybow Rustam Kakamyradowiç, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 5-nji ýyl talyby (toparlaýyn). Taslamasy: Li-Fi tehnologiýasynyň ulanylyşy.
3-nji orun. Akyýew Ahmet Döwranowiç (ýekeleýin).Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti.Maglumat tehnologiýa fakultetiniň Kompýuter tehnologiýa hünäriniň 4-nji ýyl talyby. Taslamasy: Beýan online platformasy
II. "Akylly şäher" ugry boýunça:
1-nji orun. Dañatarowa Gülhatyja, Babaýewa Jennet, Döwrangeldiýewa Aýbegenç (toparlaýyn). Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty we " Akylly hyzmat" hojalyk jemgyýeti. Taslamasy "Formula".
2-nji orun. Kakabaýew Haknazar, Annaýew Kerwen, Daňatarow Baky (toparlaýyn), Sakarçäge etrabynyň 17-nji orta mekdebiniň hem-de Sakarçäge etrabynyň 10-njy orta mekdebiniň okuwçylary. Taslamasy: “Tebigy gazdan we elektrik togundan doly goralan akylly öý”.
3-nji orun. Bäşimow Şanazar (ýekeleýin), Türkmenistanyň DöwletBinagärlik-gurluşyk institutynyň talyby. Taslamasy: “Plastik galyndylaryny gaýtadan işlemekligiň ekologik ähmiýeti”.
3-nji orun. Şöhradow Yhlas (ýekeleýin), Türkmen döwlet maliýe institutynyň Maliýe fakultetiniň 2-nji ýyl talyby. Taslamasy: “Akylly şäherleri sanlaşdyrmagyň ugurlary”.
3-nji orun. Orazberdiýewa Gülbahar, Çaryýarowa Maral, Mekanow Ylham (toparlaýyn). Mary şäherindäki 24-nji orta mekdebiniň, Sakarçäge etrap 14-nji orta mekdebiniň, Sakarçäge etrap 43-nji orta mekdebiniň okuwçylary Taslamasy: Gara ýollardaky ýol duýduryjy belgilerini gijesine gün energiýasynyň hasabyna ýagtylandyrmak.
III. "Emeli aň" ugry boýunça:
1-nji orun. Ataýew Salyh Çaryýarmuhammedowiç (ýekeleýin). Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň maglumat howpsuzlygynyň toplumlaýýyn üpjünçiligi hünäriniň 5-nji ýyl talyby. Taslamasy: “Emeli aň arkaly talyplaryň we işgärleriň sanawyna gözegçilik web programmasy”.
2-nji orun. Akyýew Nedir Bagtyýarowiç (ýekeleýin). Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyňAwtomatlaşdyrylan ulgamlaryň maglumat howpsuzlygynyň toplumlaýýyn üpjünçiligi hünäriniň 5-nji ýyl talyby. Taslamasy: “Emeli aň esasynda döredilen “Paýhasly” sorag jogap programma üpjinçiligi”.
3-nji orun. Temirow Akmuhammet Içeri işler ministrliginiň institutynyň hukuk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby, Rahmanberdiýew Maksatmyrat Içeri işler ministrliginiň institutynyň Içerki goşunlar fakultetiniň 3-nji ýyl talyby (toparlaýyn). Taslamasy: “Kanunçylyk ulgamynda emeli aň programmasy”.
3-nji orun. Döwrangeldiýew Didar Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Elektroenergetika ulgamlaryň rele goragy we awtomatikasy hünäriniň 2-nji ýyl talyby, Gadamowa Ogulşat Sakarçäge etrabynyň 21-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy (toparlaýyn). Taslamasy: “Emeli aň tehnologiýsy arkaly Oba-hojalyk ulagyny dolandyrmk”.
3-nji orun. Nowruzow Merdan Bagtyýarowiç.Türkmenistanyň telekomnukasiýalar we informatika institutynyň 3-nji ýyl talyby. Taslamasy: Emeli aň esasynda işleýän kömekçi robot.
IV. "Robototehnika we awtomatizasiýa" ugry boýunça:
1-nji orun. Gurbansähedow Soltansöýün Gurbansähedowiç (ýekeleýin). Gaz turbina desgasyny hereketlendirjiler. Hünäriniň 5-nji ýyl talyby.
2-nji orun. Mahtymgulyýew Weis Jumadurdyýewiç. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty 3-nji ýyl talyby. Taslamasy: “Ulanylýan agyz suwunyň akylly hasaplaýyş ulgamy”.
3-nji orun. Döwranow Wepa Şamadow Yslam. Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäherindäki takyk we tebigy ugrlara ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy,Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniweristetiniň Maglumat tehnologiýalary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby. Taslamasy: Pyýadalar üçinHowpsuz Geçelge.
3-nji orun. Berdimämmedowa Arzuw Muhammetgurbanowna, Gylyjowa Sona, Rasulow Hezret. Mary welaýaty Sakarçage etrabynyň Şatlyk şäherindaki takyk we tebigy ugurlaryndan ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçylary. Taslamasy: Önümçiligiň awtomazasiýasynda polifunksiýaly gurluş”
3-nji orun. Aminow Islambek Myradowiç, Kurambaýewa Zebinisa, Bahramow Alibek Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiniň okuwçylary (toparlaýyn). Taslamasy: Dürli uzaklykdaky päsgelçilikleri duýýan robot maşyny.
V. "Hyzmatlar ulgamy" ugry boýunça:
1-nji orun. Jelalowa Marýam Isaýewna (ýekeleýin). Mary welaýatynyň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň 2-nji ýyl talyby. Taslamasy: “Tapnote” hyzmaty kompaniýalarytanatmagyň innowasion usuly.
2-nji orun. Hudaýberdiýew Seýitnur Orazmuhammedowiç. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 4-nji ýyl talyby. Taslamasy: “Tölegli umumy ýaşaýyş jaýlaryň hasabatyny awtomatlaşdyrmak”.
3-nji orun. Jumaşow Jeýhun Serdarowiç, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 3-nji ýyl talyby. Taslamasy: “Hazyna Stock”– sanly media platformasy.
3-nji orun. Baýramgulyýewa Arzuw, Hemraýew Döwletgeldi, Çarymyradow Rahat. TürkmenistanyňDöwlet energetika institutynyň talyplary. Taslamasy: "Noş bolsun"
3-nji orun. Annaorazow Begenç Kakamyradowiç, Baýramow Aýhan (toparlaýyn), Aşgabat şäheriniňýöriteleşdirilen 97-nji mekdebiň 11-nji synp okuwçylary. Temasy: Ekran goraýjy (ScreenGuard)
VI. "Akylly oba hojalyk" ugry boýunça:
1-nji orun. Kakaýew Kakajan, Türkmen Döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň 2-nji ýyl talyby. Taslamasy: Galyndy ýaglardan hojalyk ähmiýetli sabyn öndürmek.
2-nji orun. Sahadow Döwran Agamyradowiç, Türkmenistanyň Döwlet Energetika institutynyň Maglumat tehnologiýalary kafedrasynyň mugallymy. Taslamasy: “Sanly oba hojalyk cözgüdi”.
3-nji orun. Abdyrahmanow Abdyresul Kakajanowiç, Döwrangeldiýew Didar Döwrangeldiýewiç (toparlaýyn). Türkmenistanyň Döwlet Energetika institutynyň Elektroenergetika ulgamlarynyň Rele goragy we Awtomatikasy hünäriniň talyplary. Taslamasy Howanyň düzümini anyklaýjy we heläkçiligiň öňüni alyjy akylly gurluş.
3-nji orun. Agaýewa Göwher, Türkmensitanyň Döwlet energetika institutynyň Energetika pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyryşy ugrynyň 1-nji ýyl talyby. Taslamasy: Emeli aň we Gün energiýasy arkaly innowasion çözgütler. Ylmy ýolbaşçysy: “Emeli aň we Gün energiýasy arkaly innowasion çözgütler”.
3-nji orun. Ýollyýewa Aýna Akmyradowna. Turkmenistanyn Oguz han adyndaky Inzener tehnologiyalar uniwersitetiniň Biotehnologiýa we ekologiýa Fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Taslamasy: Turkmenistanda zey suwlardan elektrik energiyasyny almagyn innowasion usuly
VII. "Sanly lukmançylyk" ugry boýunça:
1-nji orun. Mäterow Medet Mergenowiç. S.A.Nyýazow adyndaky türkmen oba hojalyk uniwersiteti 1-nji ýyl talyby. Taslamasy: Narpyz we Tozga ösümliklerinden ylmy taýdan taýýarlanylan ekoulgam derman serişdesi.
2-nji orun. Muhammedow Baýnazar Muhammedowiç, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we Informatika Institutynyň 3-nji ýyl talyby. Temasy: "PECS Cards" - dil ösüş taýdan pes bolan çagalar üçin alternatiw kommunikasiýa platformasy
3-nji orun. Döwletaman Çaryýarow, Ysmaýyl Annaberdiýew, Sarykulow Döwletgeldi, "Akylly hyzmat" hojalyk jemgyýetiniň okuwlarynyň diňleýjileri. Taslamasy: Akylly diş platformasy
3-ňji orun. Ahmet Batyrow, Myradow Bahram, Gurbanow Ybraýym (toparlaýyn). "Akylly hyzmat" hojalyk jemgyýetiniň okuwlarynyň diňleýjileri we mugallymy Taslamasy: Sanly Saglyk
3-nji orun. Kurbandurdyyew Daỳanç Amangeldiýewiç, Jumabaýew Agabek, Jumabaýew Kemranbek (toparlaýyn), Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçylary. Taslamasy : Asma sanjymy üçin kömekçi ulgam.
Ýeňijiler Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň diplomlary we höweslendiriji sowgatlar bilen sylaglandy.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024